logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Science and Education /Türkmenistanda “Zenan telekeçiler akademiýasy” (AWE) maksatnamasy başlady
  07.03.2024
785
Türkmenistanda “Zenan telekeçiler akademiýasy” (AWE) maksatnamasy başlady

2024-nji ýylyň 2-nji martynda Aşgabatdaky Amerikan merkezinde we Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherleriniň Amerikan burçlarynda “Zenan telekeçiler akademiýasy” (AWE) maksatnamasy başlady. Türkmenistanyň Ykdysatçylar Birleşmesi bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän AWE telekeçi aýal-gyzlara üstünlikli iş alyp barmak üçin zerur bilimleri, aragatnaşyklary we elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirlen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maksatnamasydyr.

 

 

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu Klimow we Türkmenistanyň Ykdysatçylar Birleşmesiniň ýolbaşçysy Ýuriý Aronskiý Aşgabatda geçirilen dabara gatnaşdylar. Ilçi Klimow öz çykyşynda şeýle belledi: “Şu ýyl Türkmenistanyň AWE gatnaşýan 100-den gowrak ýurda, türkmen aýal-gyzlarynyň bolsa dünýä boýunça bu maksatnama gatnaşan 25,000-den gowrak zenanlaryň hataryna goşulýandygyna begenýäris. Bu maksatnama, gender deňligine we ykdysady mümkinçilikleriň giňeldilmegine bolan ygrarlylygymyzyň subutnamasydyr. Dogry goldaw we çeşmeler bilen ykdysadyýeti üýtgedip, jemgyýetleri ösdürip we geljekki nesillere ylham berip biljek zenan telekeçileriň ulanylmadyk potensialyna bolan ynanjymyzyň aýdyň beýanydyr.”

 

 

Öňümizdäki aýlarda, maksatnama gatnaşyjylar Arizona Döwlet Uniwersitetiniň “Thunderbird” Bütindünýä Dolandyryş Mekdebi tarapyndan işlenip düzülen onlaýn işewürlik kursuny tamamlarlar, hepdelik şahsy sapaklara gatnaşarlar we biznes meýilnamasyny düzerler. Soňra bu meýilnamalar 2024-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda meýilleşdirilýän jemleýji çärede görkeziler.

 

Dilber ÇARYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.