Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ruhy bütewiligiň mukaddes döwri başlandy ✦ ✦ Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýokary derejeli gepleşikler ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly: ösüşiň täze tapgyry ✦ ✦ Tebigy betbagtçylyklara garşy irki duýduryş ulgamlary: sanly modelleşdirme we global howpsuzlyk ✦ ✦ Saýlaw möwsümi dowam edýär: dalaşgärleri hödürlemek tapgyry işjeň alnyp barylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary bilen tanyş edýäris ✦ ✦ Bilim ulgamynyň ösüşi: mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy ✦ ✦ Merkezi Aziýada ylmy hyzmatdaşlygyň täze tapgyry: mümkinçilikler we strategik ugurlar ✦ ✦ Aşgabatda uly futbol güni: "Arkadag" bilen "Al-Nassr" şu gün Olimpiýa stadionynda duşuşýar ✦ ✦ Türkmenistanyň ylmy kartografiýasy: giňişligi ölçemekden - ylmy garaýyşa çenli ✦
Baş sahypa / Tebigat /Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa maglumaty:
  20.02.2023
1556
Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa maglumaty:

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: 

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +1... +6 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +13... +18 gradus maýyl bolar. 

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... +5 gradusdan +6...… +11 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +13 gradusdan +19... +24 gradus aralygynda maýyl bolar. 

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... +5 gradusdan +7.. +12 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +7... +12 gradusdan +19... +24 gradus aralygynda maýyl bolar. 

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... +4 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +6... +11 gradusdan +19... +24 gradus aralygynda maýyl bolar. 

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan +3... +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0... +5 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda maýyl bolar. 

Paýtagtymyz Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 5 — 7 metrden 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... +2 gradusdan +7... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +10 gradusdan +20... +22 gradus aralygynda maýyl bolar.