logo

Latest news:
✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» merkezinde dil gurnagy geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦
Home / Nature /Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa maglumaty:
  23.01.2023
816
Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa maglumaty:

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty:

Balkan welaýatynda: 
üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5... -10 gradus sowukdan -1... +4 gradus aralygynda, gündizlerine +11... +16 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +4... +9 gradus maýyl bolar. 

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -7... -12 gradus sowukdan -3... +2 gradus aralygynda, gündizlerine -2... +3 gradusdan +9... +14 gradus aralygynda maýyl bolar. 

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 4 — 9 metrden 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradusdan -8... -13 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine -3... +2 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl bolar. 

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -6 gradusdan -10... -15 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine -4... +1 gradusdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl bolar. 

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... -8 gradusdan -11... -16 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine -4... +1 gradusdan +3... +8 gradus aralygynda maýyl bolar. 

Paýtagtymyz Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 7 metrden 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -7... -9 gradusdan -1... +1 gradus aralygynda, gündizlerine +1... +3 gradusdan +8... +10 gradus aralygynda maýyl bolar.