Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Arslan Tekaýew “Sessiz awtomatizasiýa” barada çykyş etdi ✦ ✦ Halkara olimpiadalar geçiriler ✦ ✦ FIFA bilermenleri türkmen futbolyna ýokary baha berdiler ✦ ✦ Türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Belgiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦ ✦ Kiçi we orta telekeçilik ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Şahsy robotlaryň döwri başlanýar ✦ ✦ Global ykdysadyýete we strategik hyzmatdaşlyga ýol açýan gapy ✦ ✦ SPECA maksatnamasynyň çäklerinde sebit gatnaşyklary berkidilýär ✦ ✦ Türkmen telekeçileri “Gulfood 2026” halkara sergisine gatnaşar ✦
Baş sahypa / Tebigat /Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa maglumaty:
  16.01.2023
1224
Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa maglumaty:

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: 

Balkan welaýatynda:
 üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5... -10 gradus sowukdan -2... +3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +4... +9 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda 0... +5 gradus maýyl bolar. 

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... -7 gradusdan -10... -15 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine 0... -5 gradus sowukdan +1... +6 gradus aralygynda maýyl bolar. 

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... -9 gradusdan -14... -19 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine -2... -7 gradus sowukdan +1... +6 gradus aralygynda maýyl bolar. 

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5... -10 gradusdan -14... -19 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine -2... -7 gradus sowukdan 0... +5 gradus aralygynda maýyl bolar. 

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -6... -11 gradusdan -11... -16 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine -1... -6 gradus sowukdan -3... +2 gradus aralygynda maýyl bolar. 

Paýtagtymyz Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 8 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... -6 gradusdan -10... -12 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine -2... -4 gradus sowukdan +2... +4 gradus aralygynda maýyl bolar.