11-nji sentýabrda Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda pagta ýygymyna badalga berildi.
Ýurdumyzyň welaýatlarynyň pagta kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy zawodlaryna üsti “ak altyn” bilen doldurylan awtoulaglaryň hem-de tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi.
Dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, obasenagat pudagynyň gaýtadan işlenen harytlarynyň, dokma senagaty önümleriniň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Aýdymçy-sazandalar, tans, folklor toparlary konsert maksatnamalary bilen çykyş etdiler. Bereketli pagta hasylyny ýetişdiren önümçiligiň öňdebaryjylaryna — iň oňat pagtaçy kärendeçilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Begenç Ereşow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby