logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Economics /Türkmenistanda çagalar üçin tigirleriň önümçiligi ýola goýular
  11.01.2023
1124
Türkmenistanda çagalar üçin tigirleriň önümçiligi ýola goýular

«Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýeti ýakyn geljekde çagalar üçin tigirleri hem-de polipropilenden oturgyçlary öndürip başlamagy göz öňünde tutýar. Çagalar üçin tigirler 3-5 ýaşly körpejelere niýetlenilip, «Şöhle plastik» haryt nyşany bilen ilata hödürlener.

«Türkmen şöhle» HJ plastik önümleriň önümçiligi bilen tanalýar. Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýär. Kärhanada plastmassadan öý hojalyk harytlarynyň, çaga oýnawaçlarynyň dürli görnüşleri öndürilýär. Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümi bolan döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagy kärhanada aýda ençeme tonna çenli önüm öndürmäge mümkinçilik döretdi.

Kompaniýa ýurdumyzda ilkinji bolup laminatyň düşeginiň önümçiligini hem ýola goýupdy. Bu önüm rulon görnüşinde bolup, onuň ini 1 metre deňdir. Uzynlygy sargytlara görä öndürilýär. Gurluşykda peýdalanylýan laminatyň düşegi jaýyň içine çyg, sowuk geçirmeýär. «Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýetiniň önümlerine diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarda hem uly isleg bildirilýär. Bu önümler Russiýa, Gazagystana we Belarus Respublikasyna eksport edilýär.