Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ TSTB-niň 17 ýyllygy mynasybetli sergi açyldy ✦ ✦ Türkmenistan - Ýew­ro­pa ma­te­ma­ti­ka bäs­le­şi­ginde 26 me­dal ga­za­ndy! ✦ ✦ Ekologiýa — durmuş-ykdysady özgertmeleriň möhüm ugry ✦ ✦ Ýazky gije-gündiz deňleşmesi haçan başlanýar? ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserleri — ýaşlara görelde mekdebi ✦ ✦ Sanly ulgam bilen üstünliklere tarap ✦ ✦ Arkadag şäherine Üstünlik güwanamasy gowşuryldy ✦ ✦ Nowruz — tebigatyň hem-de köňülleriň baýramy ✦ ✦ Ders bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi ✦ ✦ Innowasion ulgamyň ösüşi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmenistan - Ýew­ro­pa ma­te­ma­ti­ka bäs­le­şi­ginde 26 me­dal ga­za­ndy!
  15.03.2025
60
Türkmenistan - Ýew­ro­pa ma­te­ma­ti­ka bäs­le­şi­ginde 26 me­dal ga­za­ndy!

Şu ýylyň 4-9-njy mart ara­ly­gyn­da Al­ba­ni­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Kor­ça şä­he­rin­de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň ara­syn­da XIX Gü­nor­ta-Gün­do­gar Ýew­ro­pa ma­te­ma­ti­ka bäs­le­şi­gi (SEE­MOUS-2025) ge­çi­ril­di. Türkmenistanyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ryn­dan dü­zü­len we­kil­çi­lik­li to­par hal­ka­ra ders olim­pia­da­sy­nda je­mi 26 me­dal ga­za­nyp, me­dal­la­ryň sa­ny bo­ýun­ça gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň ara­syn­da 2-nji or­ny eýe­le­di.

 

Ýur­du­my­zyň ta­lyp­la­ry şah­sy ha­sap­da 3 al­tyn, 10 kü­müş, 13 bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň 3-nji ýyl ta­ly­by Me­di­ne Ödä­ýe­wa bäs­le­şi­giň ýo­ka­ry sy­la­gy­ny — baş baý­ra­gy we al­tyn me­da­ly eýeledi. Ag­za­lan ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň 2-nji ýyl ta­ly­by Nur­my­rat Ata­ýew we Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň 3-nji ýyl ta­ly­by Emir Wel­le­kow hem bäs­le­şi­giň al­tyn me­dal­la­ry­na my­na­syp bo­lan iň ze­hin­li ýaş­la­ryň ha­ta­ryna girdi.

 

Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň ta­lyp­la­ry Oraz­gu­ly Gy­ly­jow, Bal­kan Jep­ba­row, Ars­lan Ese­now, Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­lyp­la­ry Rah­met Pen­ji­ýew, Sol­tan­my­rat We­pa­ýew, Da­ni­ýar Emir­ku­ly­ýew, Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by Ke­rim­gu­ly Ben­dow, Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by Gü­löw­ser Gy­lyç­mäm­me­do­wa, Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by Be­genç Sa­pa­row, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by Ba­tyr Öwez­my­ra­dow da­gy Wa­ta­ny­my­zyň we­kil­çi­lik­li to­pa­ry­nyň ady­na kü­müş me­dal­la­ry ýaz­dyr­dy­lar.

 

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň talyplary Baý­ram Tu­ra­ýew, Mer­gen Me­re­dow, Nur­mu­ham­met Go­çy­ýew, Ýa­kup Täş­li­ýew hem-de Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyplary Gurt­gel­di Ha­now, Gül­nur Şa­my­ra­do­wa we My­rat Jan­my­ra­dow dagy bü­rünç me­dal­a my­na­syp bo­lup, ýur­du­my­zyň we­kil­çi­lik­li to­pa­ry­nyň üs­tün­lik­le­ri­ne go­şant goş­du­lar. Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­tin­den Ke­rim Toý­ly­ýew, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­den We­pa Ber­di­ýew, Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­tin­den Döw­let­gel­di Şa­kir­ja­now, Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­tyn­dan Öwez­gel­di Muk­mu­ra­dow, Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­tyn­dan Me­det­ber­di Taň­ry­ber­di­ýew, Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­tin­den Ys­lam Ha­ýyt­mu­ham­me­dow dagy hem bü­rünç me­dal­la­ra eýe bol­ma­gy ba­şar­dy­lar.

 

Ýeri gelende belläp geçsek, XIX Gü­nor­ta-Gün­do­gar Ýew­ro­pa ma­te­ma­ti­ka bäs­le­şi­gi­ne Türk­me­nis­ta­nyň, Al­ba­ni­ýanyň, Bol­ga­ri­ýanyň, Ser­bi­ýanyň, Ru­my­ni­ýa­nyň, Gre­si­ýanyň, De­mir­ga­zyk Ma­ke­do­ni­ýanyň 35 sa­ny ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­den 150-den gow­rak ta­lyp gat­naş­dy. Ýur­du­my­zyň we­kil­çi­lik­li to­pa­ry 2007-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip gel­inýän hal­ka­ra olim­pia­da 2013-nji ýyl­dan bä­ri gat­na­şyp, ýy­lyň-ýy­ly­na üs­tün­lik­li çykyş edýärler. Türk­men ta­lyp­la­ry ma­te­ma­ti­ka bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­de 2023-nji ýyl­da 16, 2024-nji ýyl­da hem 17 me­dal ga­zan­dy­lar.

 

Şadurdy MYRADOW, pedagog.