logo

Soňky täzelikler:
✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦ ✦ Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmenistan “TIBCO-2024” halkara sergisine gatnaşar
  15.04.2024
662
Türkmenistan “TIBCO-2024” halkara sergisine gatnaşar

Türkmenistan şu ýylyň 16-29-njy maýynda Buharestde (Rumyniýa) geçiriljek “TIBCO-2024” halkara sergisine öz milli ekzpozisiýasy bilen gatnaşar. Geçirilýän sergide täze eksport bazarlaryny açjak we söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltjek hem-de milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndan önümleri we hyzmatlary hödürlemek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

 

Bu sergi täze eksport bazarlaryny açmaga, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge has-da giň mümkinçilik döreder. Häzirki wagtda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda yzygiderli guralýan sergiler, maslahatlar möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

 

Hormatly Prezidentimiz  Buharest şäherinde geçiriljek halkara sergide Türkmenistanyň öz sergisini guramak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.u günki gün abadan ilimiz dünýä ýüzüne ýaň salýan ajaýyp özgerişleriň mekanynda ýaşaýar. Türkmenistan ýurdumyzy dünýä derejesinde uly üstünliklere eltýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunymyzy aýdýarys.

 

Döwletgeldi TÖRÄÝEW,
Türkmen Döwlet maliýe institutynyň
2-nji ýyl talyby.