Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Talyp ýaşlar sungatda öwrenen hünärini ylmy esasda açyp görkezýärler ✦ ✦ Uçurumlaryň taslama işlerinde döwrüň çeper beýany ✦ ✦ Ahal welaýatynda medeniýet hepdeligi geçirildi ✦ ✦ 4000-den gowrak adam Watanyna Türkmenistanyň üsti bilen dolandy ✦ ✦ Ýaşlar etnografiýa muzeýine gezelenç etdiler ✦ ✦ Meteorid daşy ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi ✦ ✦ Sanly ulgam - ösüşiň binýady ✦ ✦ Medeniýet hepdeligine badalga berildi ✦ ✦ Merkezi Aziýa ýurtlarynyň küştçüleri «Aşgabat 2025» halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler ✦ ✦ Galla - biziň baýlygymyz ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmenistan ilkinji gezek ýerasty ammar desgalaryny gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirýär
  18.01.2023
515
Türkmenistan ilkinji gezek ýerasty ammar desgalaryny gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirýär

Türkmenistanda satlyk gaz ätiýaçlyklaryny üpjün etmek maksady bilen, ilkinji gezek ýerasty ammar desgalaryny gurmak boýunça taslama durmuşa geçiriler. Bu taslamany durmuşa geçirmek işine halkara tejribesine laýyklykda iş alyp barmagy, şeýle hem tehniki-ykdysady esaslandyryşy, taslamany taýýarlamagy, enjamlaşdyrmagy we gurluşyk işlerini amala aşyrmagy üçin, halkara geňeş kompaniýalary çekmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa ägirt uly gaz goruny ýurdumyzyň içinde tygşytly we netijeli ulanmakda, şeýle hem eksport mümkinçiligini artdyrmakda ýene bir ädim bolar. Ýerasty gaz ammarlary (ÝGA) Türkmenistanyň Bitewi gaz üpjünçilik ulgamynyň aýrylmaz bölegine öwrüler.

Gazy ýer astynda saklamagyň dünýä tejribesi ýüz ýyldan-da gowrak wagt bäri bar. Ýerasty gaz ammarlary tükenen gaz we gaz kondensat ýataklaryna, duzly gowaklara, suw geçiriji gurluşlara esaslanýan inženerlik-tehniki desgalar toplumydyr. Olar esasy gaz turbalarynyň we gaz sarp ediji iri merkezleriň golaýynda döredilmek bilen, şu möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär: gaz sarp edilişiniň möwsümleýin deňsizligini kadalaşdyrmak we gaz üpjünçilik ulgamynda basyşy üpjün etmek; adatdan daşary sowuk gyş we beýleki adatdan daşary ýagdaýlary üçin gaz gorlaryny saklamak; gaz eksportyndaky deňsizligi kadalaşdyrmak; gaz çykarylanda ýa-da daşalanda ýüze çykyp biljek çykgynsyz ýagdaýlar üçin uzak möhletleýin strategik gaz ätiýaçlyklaryny döretmek.

Gazy saklamak ony çykarmak we daşamak bilen birlikde içerki hem daşarky sarp edijileri üznüksiz gaz bilen üpjün etmekde iň möhüm ugurdyr. Ýerasty gaz ammarlary diňe bir üznüksiz gaz üpjünçiliginiň kepili bolman, eýsem girdejili işdir, sebäbi döredilen uglewodorod ätiýaçlyklary olary daşary ýurt bazarlarynda iň amatly bazar şertlerini göz öňünde tutup satmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistan sebitde we dünýäde energiýa howpsuzlygyna möhüm goşant goşup bilýän kuwwatly energetik döwletdir. Ýerasty gaz ammarlarynyň döredilmegi häzirki we bolup biljek hyzmatdaşlaryň islegi artan halatynda, ýurdumyzyň gaz eksportyny artdyrmaga mümkinçilik berer. 

 

Mansur ÖWEZMURADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.