logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmenistan Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi hakyndaky Ylalaşyga goşular!
  22.05.2023
1025
Türkmenistan Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi hakyndaky Ylalaşyga goşular!

18-19-nji maý aralygynda Tatarystanyň Kazan şäherinde «Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum — 2023» XIV halkara ykdysady forumy geçirildi. Onda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew çykyş edip, häzirki wagtda Türkmenistanyň Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi hakyndaky Ylalaşyga goşulmagy bilen bagly işleriň alnyp barylýandygyny belläp geçdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory «Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň ösüşi» atly mowzuklaýyn mejlisiň dowamynda eden çykyşynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen, Türkmenistanyň ählumumy üpjünçilik zynjyrlarynyň ösüşinde möhüm orny eýeleýändigini belledi.

Demirgazyk—Günorta ugry boýunça ýükleri daşamakda wajyp halka bolan Türkmenistan—Gazagystan—Eýran transmilli polat ýolunyň işe girizilmegi netijesinde, üstaşyr akymlaryň logistikasynda Türkmenistanyň mümkinçilikleri has-da özüne çekýär.

Şeýle-de forumyň gün tertibine «Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda senagat, ulag we logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin infrastruktura şertleri» atly ýörite bölümçäniň işi girizildi we onuň dowamynda bu ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

 

Hudaýnazar ALLABERDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.