Türkmenistan döwletimiz parahatçylyk söýüjilik, hemişelik Bitaraplyk we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanyp, daşary syýasaty üstünlikli amala aşyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyz halkara guramalar hem-de dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek esasynda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini has-da giňeldýär. Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we umumadamzat bähbidine gönükdirilen işleri durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşýar. Bu ugurda ýurdumyz Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap netijeli daşary syýasaty alyp barmaga girişdi hem-de «Açyk gapylar» we hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerini öňe sürdi. 1992-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi. Abraýly bu halkara guramanyň düzümine saýlanan ýurdumyz BMG bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde özüniň döredijilik kuwwatyna esaslanyp, bütin dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň höküm sürmegi ugrunda çykyş etdi. Netijede Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etdi. Şol gün dünýäde BMG derejesinde-giň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet döredi.
Türkmenistan özara gatnaşyklaryň çäklerinde sebitde we dünýäde parahatçylyga esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge aýratyn üns berýär. Şeýle oňyn garaýyşdan ugur alýan ýurdumyz hoşniýetlilige, dost-doganlyga we parahatsöýüjilige daýanýan gatnaşyklary ösdürýär. Bu günki gün ýurdumyzyň daşary syýasatynda «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymaty barha dabaralanýar. Şonuň esasynda hem halkara hyzmatdaşlygy işjeň häsiýete eýe bolýar. Özara bähbitli we ygtybarly, uzak möhletleýin gatnaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmek bolsa, geljekki mümkinçilikleriň esasyny düzýär. Şu nukdaýnazardan, 2007-nji ýylda Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy parahatçylyga ýugrulan daşary syýasatymyzyň tutuş dünýäde ykrar edilmegidir.
Häzirki döwürde Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur almak bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, energetika howpsuzlygyny gazanmaga we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çalyşýar.
Ýurdumyz ählumumy derejede energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de Merkezi Aziýada, Hazarýaka sebitinde we yklym derejesinde iri taslamalary durmuşa geçirmäge strategik ugur hökmünde garaýar. Muňa degişli ugurlarda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Rezolýusiýalar hem-de durmuşa geçirilen halkara ulag geçelgeleri babatdaky taslamalar doly şaýatlyk edýär. Mälim boliy ýaly, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany gaýtadan kabul etdi. Şondan soňra dünýäde iki gezek hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edilen ýeke-täk döwlet bolan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde gurama agza ähli döwletleriň goldamagy esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatrydyk we ynanyşmak ýyly» hakyndaky Rezolýusiýany kabul etmek hakyndaky çözgüde gelindi. Bu bolsa ýurdumyzyň bütindünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldawa mynasyp bolýandygynyň subutnamasyna öwrüldi.
Häzirki döwürde Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur almak bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, energetika howpsuzlygyny gazanmaga we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çalyşýar.