Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany
  16.01.2020
765
Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany

      Gözbaşlar arassa bolanda akaba dury we uzak menzillere akýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan çuňňur many-mazmunly maksatnamalar bu-günki gün uzak möhletleýin geljegmizi nazarlap bedew bady bilen öňe barýar. Ýyllarymyz-ýyllardan zyýada gelýär. Hormatly Prezidentimiziň, şeýle-de dili senaly ýaşuly nesliň wekilleriniň ak patasy bilen garşy alynan ,,Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany’’ ýylymyz özüniň ady bilen geldi. Ýagny 2020-nji ýylda Ata Watanymyz Halkara Bitaraplyk baýramynyň 25 ýyllyk toýyny uly dabara bilen belläp geçer. Mälim bolşy ýaly ýurdymyzyň ähli ýerlerinde ,,Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany’’ ýyly mynasybetli dabaraly çäreler özüniň aýdyňlygy bilen beýanyny tapýar. Ynha şeýle asylly başlangyçlardan ugur alyp ,,Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany’’ ýylynyň ýanwar aýynyň 10-na Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýüniň foýesinde Ak bugdaý etrap häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komiteti, Ak bugdaý etrap jemgyýetçilik guramalary, şeýle-de Ak bugdaý etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde ,,Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany’’ ýyly mynasybetli aýdym-sazly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Dabaranyň geçiriljek ýerinde sahna bezegleri, şeýle-de ,,Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany’’ ýylynyň şygary talabalaýyk ýerleşdirilen. Bu günki geçirilen dabaraly çärä Ak bugdaý etrabynyň bilim işgärleri, Ahal welaýat häkimliginiň 6-njy başlangyç hünär okuw mekdebiniň bagtyýar talyp ýaşlary, şeýle-de Ak bugdaý etrabynyň medeniýet bölüminiň işgärleri ussatlyk bilen gatnaşdylar. Tegelek stol söhbetdeşliginiň dowamynda TDP-niň Ak bugdaý etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Çemen Könäýewa-Geçen 2019-njy ýylda ýetilen sepgitler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinden gelip çykýan wezipeler. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly meseleler. Halkara gatnaşyklary. Milli Halyçylyk sungaty. Halkara Bitaraplyk-barada;

      Ak bugdaý etrap Hassahanasynyň Gämi şahamçasynyň bölüm müdiri Nurmuhammet Otuzow-saglyk ulgamynda alnyp barylýan işler barada;

     TMÝG-nyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Döwletnazar Öwezow- ,,Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany’’ ýylynyň ähmiýeti. Ýaşlar syýasaty barada;

    Milli ,,Ak bugdaý’’ muzeýiniň kiçi ylmy işgäri Gülaýym Mämmedowa-muzeý ulgamynda alnyp barylýan işleri barada giňişleýin çykyşlar etdiler. Çykyş edenler öz sözleriniň ahyrynda ähli ösüşleriň gözbaşynda duran Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Dabaranyň dowamynda Ak bugdaý etrabynyň medeniýet bölüminiň aýdym-saz toparynyň we ussat aýdymçylarynyň ýerine ýetiren hoş owazly nagmalary dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet berdi. Dabaranyň geçirilýän ýerinde Hormatly Prezidentimiziň zehin sahawatyndan dörän eserleriň, nusgawy we döwürdeş şahyrlarymyzyň eserleriniň kitap sergisiniň gurnalmagy dabara aýratyn bir öwüşgin çaýdy. ,,Altyn Asyr Türkmenistan’’teleýaýlymynyň Ahal welaýat teleradio studiýasy tarapyndan ýazgy edildi. Umuman aýdylanda bu geçirilen aýdym-sazly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyryp, uly üstünliklere beslenip geçdi.