logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Economics /Türkmenistan bilen Özbegistanyň farm-tehnologiýalar ulgamynda strategik hyzmatdaşlygy
  30.12.2025
364
Türkmenistan bilen Özbegistanyň farm-tehnologiýalar ulgamynda strategik hyzmatdaşlygy

Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň döredilmegi Türkmenistanyň derman senagatynyň ösüşine täze itergi berdi hem-de bu ugurda sebitleýin hyzmatdaşlygyň has ýokary derejesine çykmagyna şert döretdi. Ýakynda Daşkent şäherinde gol çekilen degişli ylalaşyk özbek ýokary okuw mekdepleriniň ylmy kuwwatyny türkmen işewürliginiň maýa goýum mümkinçilikleri bilen netijeli baglanyşdyrmagy maksat edinýär.

 

Bu hyzmatdaşlyk diňe bir adaty eksport-import gatnaşyklary bilen çäklenmän, has giň möçberli we strategik häsiýete eýedir. Özbegistanyň Derman senagatyny ösdürmek agentligi, Farmasewtiki tehniki uniwersiteti hem-de Türkmenistanyň «Altyn Kanun» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan ylalaşyk birnäçe möhüm ugurlary öz içine alýar. Olar derman serişdeleriniň önümçiliginde iki ýurduň çäginde üpjünçilik zynjyrlaryny döretmegi, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ylmy-amaly tejribe alyşmagy hem-de özbek ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda türkmen hünärmenlerini maksatly taýýarlamagy göz öňünde tutýar.

 

Daşkent şäherindäki Farmasewtiki tehniki uniwersitetiniň hyzmatdaş hökmünde saýlanmagy onuň bilim, ylym we önümçiligi bitewi ulgamda birleşdirýän häzirki zaman klaster bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu ýokary okuw mekdebi Tashkent Pharma Park taslamasynyň çäginde üstünlikli hereket edýär.

 

Hyzmatdaşlygyň utgaşdyrylmagy «Altyn Kanun Maslahat» atly ýöriteleşdirilen bölüm tarapyndan alnyp barylar. Bu bölüm hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hukuk taýdan üpjün edilmegi bilen bir hatarda, türkmen işewürleri we dalaşgärleri üçin ýol görkeziji hökmünde çykyş eder. Şeýle mümkinçilikler ýaşlaryň özbek ýokary bilim ulgamyna elýeterliligini giňeldýär we milli öndürijileriň goňşy bazaryň talaplaryna has tiz uýgunlaşmagyna ýardam berýär.

 

Arkadag şäherinde häzirki zaman lukmançylyk klasteriniň ösdürilýän şertlerinde hünärmenleri taýýarlamak we marketing dolandyryşyny kämilleşdirmek üstünlikli ösüşiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Özbegistan bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň derman üpjünçiligi howpsuzlygyny üpjün edýän, eýýäm işleýän sebitleýin ulgama netijeli goşulmagyna mümkinçilik döredýär.

 

Serdar ATAÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Ekerançylyk önümlerini gaýtadan
işlemek kafedrasynyň mugallymy.