logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmenistan Abu-Dabide geçiriljek maýa goýum kongresine gatnaşar
  17.02.2023
969
Türkmenistan Abu-Dabide geçiriljek maýa goýum kongresine gatnaşar

Türkmenistanyň döwlete degişli we hususy pudaklarynyň wekillerine 12-nji gezek BAE-niň paýtagty Abu-Dabide 2023-nji ýylyň 8-10-njy maýynda geçiriljek her ýylky geçirilýän maýa goýum kongresinde (The Annual Investment Meeting) garaşýarlar.

Bu ýyl kongresiň temasy – «Maýa goýum paradigmasynyň çalşylmagy: durnukly ykdysady ösüşe, dürlülige we gülläp ösüşe ýardam etmek üçin geljekki maýa goýum mümkinçilikleri» bolar.

Her ýylky geçirilýän duşuşyk hökümetlere, kiçi we orta işewürligiň wekillerine, startaplara we maýa goýumçylara dünýä ykdysadyýetindäki wakalary, maýa goýum meýillerini maslahatlaşmak üçin meýdança bolar, şeýle hem işewürligiň giňelmegine ýardam etjek nou-hau paýlaşmaga mümkinçilik berer. Ol şeýle hem telekeçilere we paýdarlara ynamly maýa goýum meýilleşdirmesi üçin innowasion strategiýalary işläp düzmäge mümkinçilik berer.

Duşuşygyň çäklerinde iň gowy maýa goýum taslamalary üçin «AIM Global 2023  Investment Awards» baýragynyň gowşurylyş dabarasy bolar.

Belläp geçsek, döredilen gününden bäri «The Annual Investment Meeting» Ýakyn Gündogardaky öňdebaryjy maýa goýum platformasy hökmünde  özüni tanatdy, onuň maksady – maýa goýum mümkinçiliklerini döretmek, ykdysady ösüşe çuňňur täsir etjek bütindünýä ähmiýetli meseleleri çözmek bolup durýar. 

 

Serdar JUMAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.