logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Economics /Türkmenabadyň tikin fabrigi şu ýylyň meýilnamasyny möhletinden öň 143 göterim berjaý etdiler
  03.11.2022
1316
Türkmenabadyň tikin fabrigi şu ýylyň meýilnamasyny möhletinden öň 143 göterim berjaý etdiler

Türkmenabadyň tikin fabriginiň tikinçileri şu ýylyň meýilnamasyny möhletinden öň 143 göterim berjaý etdiler. Fabrikde şu ýyl 35 million 518 müň manatlykdan gowrak önüm öndürmek boýunça meýilnama dokuz aýyň dowamynda ýerine ýetirilip, 38 million 194 müň 232 manatlyk önüm öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 113 göterime barabar boldy.

Belläp geçsek, fabrik geçen ýyl hem ýyllyk meýilnamany 147 göterim berjaý etdi. Kärhanada meşhur kompaniýalaryň tikin maşynlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy zähmet adamlarynyň işe bolan höweslerini has ýokarlandyrdy. Netijede zähmet öndürijiligi batlandy we önümleriň hili hyrydarlarynyň göwünlerine has ýarap ugrady. Içerki bazarda fabrigiň önümlerine isleg bildirýän hyrydarlaryň sany ozalky ýyllardakydan has artdy. Tikinçileriň çeper ellerinden çykýan önümler ösýän islegleri kanagatlandyryp ugrady.

Kärhananyň önümçilik sehlerinde tikinçileriň öndürijilikli işlemekleri üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Şonuň üçin aýlyk meýilnamalar 1,5-2 esse diýlen ýaly yzygiderli berjaý edilýär. Häzirki wagtda fabrikde toparlaryň 9-sy özara bäsdeşlik esasynda zähmet çekýär.