Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmen ykdysadyýetiniň ösüşi ýylsaýyn ýokarlanýar
  29.03.2023
904
Türkmen ykdysadyýetiniň ösüşi ýylsaýyn ýokarlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlerinden kuwwatlanýan eziz Watanymyz Türkmenistanda milli ykdysadyýetimiz barha pajarlap ösýär. Elektroenergetika, nebit-gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we senagatlaryndan, maşyn-gurluşyk we gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köp pudakly milli ykdysadyýet kemala gelýär. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ençeme ýurtlary bilen daşary ykdysady gatnaşyklary işjeň ösdürmek bilen, dünýäniň 100-den gowrak ýurdy bilen daşary söwda gatnaşyklaryny alyp barýar.   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen öňe gitmegine we oňa innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimizi özgertmekde bazar gatnaşyklaryna geçilmegi netijeli häsiýete eýe bolýar. Şunuň bilen bir hatarda, ykdysadyýetiň täze pudaklaryny: himiýa önümçiligini, dokma pudagyny, gurluşyk materiallary önümçiligini, telekommunikasiýalar we beýleki ýokary tehnologiýa pudaklaryny emele getirmek boýunça işleriň gerimi giňeýär. Türkmen ykdysadyýetine goýulýan daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy ýylsaýyn ýokarlanýar, bilelikdäki kärhanalaryň sany artýar. Uly göwrümli gurluşyk taslamalary amala aşyrylyp, täze desgalar açylyp ulanylmaga berilýär. Şeýle-de çig malyň täze ýataklaryny özleşdirmek bilen bagly senagat pudaklaryny ösdürmäge uly mümkinçilikler bar. Bu ugurda geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň depginlerini tizleşdirmäge, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam berer. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny, aýratyn-da, himiýa senagatyny toplumlaýyn ösdürmäge giň ýol açýar. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika, himiýa senagatyny tehniki we tehnologik taýdan kämilleşdirmek üçin hem anyk çäreler görülýär. Ulgamyň işi yzygiderli kämilleşdirilip, oňa dünýäniň ösen tejribesi, täzeçil tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa toplumyň önümçilik kuwwatlyklarynyň, şol sanda gaýtadan işleýän pudagyň ösüşine hem-de yzygiderli ýokarlanmagyna giň ýol açýar. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bu uly pudagynyň innowasion ösüşine gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirilýär. Toplumyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, gazylyp alynýan baýlyklaryň möçberini artdyrmak, «mawy ýangyjyň» eksport ugurlaryny ösdürmek onuň esasyny düzýär. Pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze känleri senagat taýdan özleşdirmek meseleleri hem üstünlikli çözülýär.

Öňde goýlan wezipeleri, şol sanda halk hojalyk toplumyny güýçli depginde senagatlaşdyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde energetika senagatyna möhüm orun berilýär. Giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda öndüriji kuwwatlyklar ençeme esse artdyryldy, täze elektrik geçiriji ulgamlar guruldy we täzelenildi. Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasy ýurdumyzyň elektroenergetika kuwwatynyň artdyrylmagyna uly itergi berdi. Ýurdumyzyň dünýä energetika ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagy üçin amatly şertleri döretdi. Umuman, türkmen ykdysadyýetiniň şeýle bedew batly ösüşdir özgerişleri ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösen, kuwwatly döwlete öwrülmeginde täze mümkinçilikleri açýar. 

 

Yslam GELDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 2-nji ýyl talyby.