logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /Türkmen talyplary «SEEMOUS-2024» 18-nji Halkara olimpiadasynda 17 medal gazandy
  18.04.2024
844
Türkmen talyplary «SEEMOUS-2024» 18-nji Halkara olimpiadasynda 17 medal gazandy

Rumyniýanyň Ýassy şäherinde 9-14-nji aprel aralygynda geçirilen «SEEMOUS-2024» 18-nji Halkara Günorta-Gündogar Ýewropa Matematika Olimpiadasynda Türkmenistandan gatnaşan talyplar 1 altyn, 7 kümüş we 9 bürünç medallaryna, jemi 17 medala mynasyp boldular.


 

Halkara olimpiada-da Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň talyplary:

Medine Ödäýewa – altyn medal;
Nurmyrat Ataýew, Myratgeldi Annamuhammedow – kümüş medal;
Azymgeldy Şyhow we Döwletmyrat Esenow - bürünç medal gazandylar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden:

Balkan Jepbarow, Şabibi Nurjanowa, Serdar Orazmyradow we Emir Wellekow – kümüş medal;
 Agabek Matýakubow - bürünç medala mynasyp boldy.

Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutyndan bolsa:

Muhammetmyrat Goçmyradow kümüş, Nagym Taňrygulyýew bolsa bürünç medalyň eýesi boldular.

Şeýle-de Mergen Gaýypow (Türkmen oba hojalyk instituty), Mähriban Döwranowa (S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti), Maksat Akmyradow (Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika instituty), Baýram Töraýew (Türkmenistanyň Döwlet Energetika instituty), Döwlet Nurmyradow (Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty) 5 sany kümüş medala mynasyp boldular.

 

 

«SEEMOUS-2024» 18-nji Halkara Günorta-Gündogar Ýewropa Matematika Olimpiadasyna 9 ýurtdan: Türkmenistandan, Özbegistandan, Alžirden, Fransiýadan, Ganadan, Gresiýadan, Hindistandan, Makedoniýadan we Rumyniýadan takmynan üç uniwersitetiň talyplary gatnaşdy.

 

Aýlar Rejepowa
Türkmen döwlet maliýe
institutynyň 4-nji ýyl talyby.