logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular
  01.07.2026
382
Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular

2026-njy ýylyň 23–26-njy iýuny aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Namangan şäherinde ÝUNESKO, ICESCO we TÜRKSOÝ guramalarynyň howandarlygynda «III International Maqom Art Forum Namangan – 2026» («III Halkara makam sungaty forumy») geçirildi. Abraýly halkara medeni çärä dünýäniň 30-a golaý döwletinden aýdymçylar, sazandalar, kompozitorlar, alymlar we sungaty öwrenijiler gatnaşdy.


Forumyň çäklerinde halkara aýdym-saz bäsleşikleri, döredijilik duşuşyklary hem-de «Gündogar makomyň täze tendensiýalary: däbiň innowasiýalar bilen arabaglanyşygy» atly ylmy maslahat guraldy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň çykyşlaryna halkara derejeli ýedi hünärmenden ybarat eminler topary baha berdi.


Türkmenistan bu iri halkara medeni çärä öz sungat ussatlary bilen gatnaşyp, milli aýdym-saz sungatyny üstünlikli tanyşdyrdy. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň halk bagşysy Nurýagdy Baýramowyň agtygy, «Altyn Asyr» bäsleşiginiň ýeňijisi Serdar Baýramow çykyş edip, Garaja oglanyň sözlerine döredilen «Ýar seniň» aýdymyny, şeýle hem türkmen halk aýdymlary «Jan-jan», «Arzurym» we «Balsaýat» eserlerini ýerine ýetirdi.


Serdar Baýramowyň çykyşyna Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy, «Altyn Asyr» bäsleşiginiň ýeňijisi Spartak Atakow gyjakda, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Döwlet Daňatarow bolsa dutarda sazandarlyk etdi. Üçlügiň ýerine ýetiren çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.


Forumyň çäklerinde geçirilen halkara bäsleşikde türkmen nusgawy triosy ýokary ussatlygyny görkezip, eminler toparynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy we abraýly bäsleşigiň ýeňijileriniň hataryna goşuldy.


Şeýle hem forumyň ylmy maslahatynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, sazşynas Röwşen Muhammedow «Türkmen mukamlarynyň öwreniliş derejesi» atly ylmy nutuk bilen çykyş edip, türkmen mukam sungatynyň ylmy taýdan öwrenilişi barada giňişleýin maglumat berdi.


Türkmenistanyň sungat wekilleriniň gazanan bu üstünligi milli medeni mirasymyzy halkara derejede wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Türkmen mukamlarynyň, dutar we gyjak sazlarynyň hem-de milli aýdym-saz sungatynyň halkara sahnasynda belentden ýaňlanmagy ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini nobatdaky gezek görkezdi.

çeşme: Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM