Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Arslan Tekaýew “Sessiz awtomatizasiýa” barada çykyş etdi ✦ ✦ Halkara olimpiadalar geçiriler ✦ ✦ FIFA bilermenleri türkmen futbolyna ýokary baha berdiler ✦ ✦ Türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Belgiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦ ✦ Kiçi we orta telekeçilik ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Şahsy robotlaryň döwri başlanýar ✦ ✦ Global ykdysadyýete we strategik hyzmatdaşlyga ýol açýan gapy ✦ ✦ SPECA maksatnamasynyň çäklerinde sebit gatnaşyklary berkidilýär ✦ ✦ Türkmen telekeçileri “Gulfood 2026” halkara sergisine gatnaşar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmen oba hojalyk instituty «UI GreenMetric» reýtingine girdi
  16.12.2023
772
Türkmen oba hojalyk instituty «UI GreenMetric» reýtingine girdi

2023-nji ýylyň netijeleri boýunça ýakynda neşir edilen «UI GreenMetric» dünýä uniwersitetiniň reýtingine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi girmegi başardy. UI GreenMetric World University Rankings – uniwersitetleriň ekologiýa düzümlerini kämilleşdirmäge, şeýle hem daşky gurşawy goramak ulgamynda durnukly ösüşe ýardam etmek barada isleginiň ýyllyk görkezijisidir. Hususan-da, düýäniň ýokary okuw mekdeplerinde alty görkeziji, ýagny okuw jaýynyň düzümleri we onuň ekologiýa täsiri, galyndylary gaýtadan işlemek, ekologiýa babatda bilim bermek we oňa degişli ylmy barlaglar, energiýa sarp edilişiniň we onuň tygşytlanylyşynyň görkezijileri, ulag syýasaty, suwdan tygşytly peýdalanmak ýaly ugurlar boýunça baha berilýär. Bu görkezijä ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsi - Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener- tehnologiýalar uniwersiteti we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty ozalam gatnaşýarlar.

 

 

Görkezijini Indoneziýa uniwersiteti 2010-njy ýyldan bäri ýöredip gelýär. Şol sanda şu ýylyň hasabyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň bäşisi: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk üniwersiteti, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmen oba hojalyk instituty we Türkmen döwlet maliýe instituty ilkinji gezek görkezijä girmegi başardylar. Biziň institutymyzyň hem şular ýaly dünýä reýtinginde adynyň bolmagy bizi has hem begendirdi we buýsandyrdy. Türkmen oba hojalyk instituty hem öz gezeginde döwlet derejesinde-de ekologiýa, daşky gurşawy goramakda, bu ugurda ylmy we bilimi ösdürmek meselelerine uly ähmiýet berýändigini bellemek gerek. Biziň ýokary okuw mekdebimizde agroekoligiýa hünäriniň okadylýanlygy, ekologiýa dersi boýunça olimpiýadalaryň geçirilýändigi munuň aýdyň mysalydyr.

 

 

Erkin Annageldiýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.