logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Science and Education /Türkmen mekdep okuwçylary matematika olimpiadasynda 6 medal gazandylar
  09.07.2025
739
Türkmen mekdep okuwçylary matematika olimpiadasynda 6 medal gazandylar

Türkmenistanly mekdep okuwçylary 2025-nji ýylyň 24–29-njy iýun aralygynda Demirgazyk Makedoniýanyň Struga şäherinde geçirilen ýetginjekleriň arasynda matematika boýunça 29-njy Balkan olimpiadasynda (JBMO-2025) üstünlikli çykyş etdiler. Bu abraýly halkara bäsleşikde ýurdumyzyň wekiliýeti jemi 6 medala – 1 altyn, 4 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Türkmenistandan bu olimpiada Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen orta mekdeplerinde bilim alýan 6 okuwçydan ybarat milli topar wekilçilik etdi. Okuwçylaryň her biri bäsleşikde ýokary netije gazanmak bilen, Watanymyza medallar bilen dolanyp geldiler.

 

Aşgabatdaky iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow altyn medaly gazanyp, ýurdumyzyň adyny halkara derejesinde belende galdyrdy. Şol mekdebiň beýleki iki 9-njy synp okuwçysy – Atabaý Akmyradow we Ýeňiş Akmämmedow bolsa kümüş medallara mynasyp boldular.

 

Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçylary Ýusup Resulow bilen Parahat Ojarow hem kümüş medal gazanmagy başardylar. Şeýle hem, Aşgabatdaky iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Omar Döwranow bürünç medalyň eýesi boldy.

 

Balkan matematika olimpiadasyna şu ýyl dünýäniň dürli ýurtlaryndan 23 ýurduň wekili bolan 135 okuwçy gatnaşdy. Bu halkara derejesindäki bäsleşikde gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň orta mekdeplerinde matematika boýunça berilýän bilimiň ýokary derejesini, şeýle-de ýaşlaryň ukybynyň, zehininiň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini görkezýär.

 

Türkmenistanly okuwçylaryň JBMO-2025-de gazanan ajaýyp netijeleri ýaş nesliň ylymlara bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, olary halkara bäsleşiklere taýýarlamak boýunça alnyp barylýan yzygiderli işleriň netijeli häsiýete eýedigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

 

Agaberdi ROZYÝEW,

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň daşary ýurt
dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň müdiri.