logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmen kärhanasy ýeňil we ýük awtoulaglary üçin motor ýaglarynyň önümçiligini özleşdirdi
  11.03.2023
1392
Türkmen kärhanasy ýeňil we ýük awtoulaglary üçin motor ýaglarynyň önümçiligini özleşdirdi

«Geljege Miras» hususy kärhanasy ýeňil we ýük awtoulaglary üçin motor ýaglarynyň önümçiligini özleşdirdi we eýýäm bu önümiň ilkinji tapgyrlaryny daşary ýurtlara iberdi. Hususy kärhana Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşip, tehnologik işiň ählisi dolulygyna awtomatlaşdyrylan, alynýan önüm «SGS» halkara ulgamy boýunça şahadatnamalaşdyrylýar.

Häzirki zaman motor ýaglary binýatlyk ýaglary (çig mal) dürli funksional maksatly prisadkalar bilen garyşdyrmak arkaly alynýar. «Geljege Miras» kärhanasy mineral ýaglary öndürmek üçin binýatlyk ýaglary Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alýar. Ýarym sintetik we doly sintetik ýaglary öndürmek üçin binýatlyk ýaglary, şeýle hem ähli prisadkalary daşary ýurtdan alýar.

Kompaniýa 2022-nji ýylyň sentýabrynda «GM OIL» haryt nyşanly önümleriniň önümçiligini işe girizdi we häzirki wagta çenli onuň ilkinji tapgyrlary daşary ýurtlara eksporta iberildi.

Tehnologik zynjyryň gidişine gözegçilik etmek we ýerli işgärlerden hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin kärhanada şeýle hem Türkiýeden gelen hünärmenler hem zähmet çekýär.

Kärhananyň kuwwaty sagatda 5 tonna barabardyr. Gyşky, tomusky we uniwersal ýarym sintetik we doly sintetik motor ýaglary öndürilýär. Jemi 10-dan gowrak önüm ady bar. Geljekde has ýokary häsiýetnamasy bolan motor ýaglarynyň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär. 

 

Ýagmyr PARAHADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.