logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmen kärhanasy Russiýa 300 tonnadan göwrak önümi eksport etdi
  21.09.2022
1111
Türkmen kärhanasy Russiýa 300 tonnadan göwrak önümi eksport etdi

Daşoguz şäherinde ýerleşýän «Kämil gurujy» hojalyk jemgyýeti ýylyň başyndan bäri Russiýa 300 tonnadan göwrak önümi eksport etdi. Kärhana daşarky bazarda berkligi we çydamlylygy bilen tapawutlanýan polipropilen we polietilen haltalary bilen meşhurdyr.


«Kämil gurujy» kärhanasynda Hytaýda öndürilen, çig mal garýan we guradýan, sepleşdirýän, ýasy sapak taýýarlaýan we saraýan, kesýän we taýyn önüm taýýarlaýan döwrebap tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylan. Enjamlar aýda 80 tonna çenli halta çykarmaga mümkinçilik berýär. Mundan ozal öndürilýän önümler Ukraina we Owganystana iberilýärdi. Häzirki wagtda bolsa kärhana öndürýän önüminiň esasy böleginiň indi daşary ýurtly müşderilere iberýär.