logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Economics /Türkmen kärhanasy kömelegi konserwirlenen görnüşde ilata hödürleýär
  12.01.2023
1284
Türkmen kärhanasy kömelegi konserwirlenen görnüşde ilata hödürleýär

Balkanabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altynnur zamany» hususy kärhanasynyň hünärmenleri hem ýyladyşhanada kömelek ösdürip ýetişdirmekde görelde alarlyk işleri bitirmegi başarýarlar.

Ýurdumyzyň ilatyny daşary ýurtlardan satyn alynýan önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen ýylyň tutuş dowamynda yzygiderli üpjün etmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alýan hususy kärhananyň Düzmergen ýaýlasynda gurlan ýyladyşhanasynda bitirilýän işler döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýär.

Ýylyň ähli paslynda hem kömelek ösdürip ýetişdirmek üçin daşary ýurtlardan satyn alnan döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhanada işler awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylyp, diňe hasyly ýygnap almak we olary ýaraşykly gaplara gaplamak işçileriň el güýji bilen ýerine ýetirilýär. Bu ýerde bol hasyl berýän kömelekleriň «Gelin» we «Weşinka» diýlip atlandyrylýan iki görnüşini ösdürip ýetişdirmek ýola goýlupdyr. Ýyladyşhanada dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri içgin öwrenilip, agrotehniki idegi kada laýyk ýola goýlup ýetişdirilýän, ekologiýa babatda arassalygy bilen tapawutlanýan kömelekleriň gündelik ýygnalýan hasyly welaýatymyzyň bazarlaryna, paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän söwda bölümlerine terligi bilen ugradylýar.

Sarp edijileriň islegleriniň içgin öwrenilip, ýyladyşhanada ýygnalyp alynýan kömelek hasylynyň belli bir möçberini aýna gaplara gaplap, konserwirlenen görnüşde taýýarlamaklygyň üstünlikli ýola goýlandygyny hem aýratyn nygtamak gerek.

«Altynnur zamany» hususy kärhanasynyň hünärmenleri ýyladyşhanada taýýarlanýan ter kömelekleri we aýna gaplara gaplanan kömelek önümlerini geljekde daşarky bazarlara çykarmak babatynda hem degişli işleri alyp barýarlar.