logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Science and Education /Türkmen–gyrgyz bilim gatnaşyklary giňeýär
  12.12.2025
205
Türkmen–gyrgyz bilim gatnaşyklary giňeýär

Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň Gyrgyz Respublikasynyň Aň-bilim ministri D.Kendirbaýewa bilen  duşuşygy geçirildi. Duşuşykdan öň gyrgyz myhmany ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň we Bilim ministrliginiň pawilýonlaryny gezip gördi hem-de ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan köptaraplaýyn özgertmeleriň netijeleri bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.

 

Duşuşykda Türkmenistanyň Bilim ministri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de Hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýän bilim özgertmeleri, orta mekdeplerde 12 ýyllyk möhlete geçilmegi, ýaşlara döwrüň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim-terbiýe bermek, bilim işini kämilleşdirmek, ýaşlary ylma we döredijilige ugrukdyrmak, ylmyň innowasion gazananlaryny we kämil tehnologiýalaryny okuw işine işjeň ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin beýan etdi.  

 

Öz çykyşynda Gyrgyz Respublikasynyň bilim we ylym ministri Gyrgyz Respublikasynyň bilim we ylym ministri D.Ş.Kendirbaýewa Awazada we Aşgabatda geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň özünde ýakymly täsir galdyrandygyny aýtdy. Şeýle hem Gyrgyz Respublikasynda şu okuw ýylyndan 12 ýyllyk bilime geçilendigini belläp, Türkmenistanda bu ugry 2013-nji ýyldan bäri durmuşa geçirmegiň tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi.

 

Bu teklipler boýunça bilelikdäki işleri alyp barmak oňlanyldy. Duşuşykda Bilim ministri ýurdumyzda her ýyl mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän Halkara matematika olimpiadasyna myhmany hem-de Gyrgyz Respublikasyndan okuwçylary, şeýle hem oktýabr aýynda geçirilýän halkara sergisine we ylmy maslahatyna, 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda açylmagyna garaşylýan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5000 orunlyk täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gyrgyzystanly kärdeşini hem-de goňşy döwletiň bilim işgärlerini we professor-mugallymlaryny işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk uly höwes bilen kabul edildi.

 

Jeren AHMEDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.