logo

Latest news:
✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦
Home / Economics /«Türkmen Gala» kompaniýasy 10 ýyl bäri ýokary derejeli nebit-gaz hyzmatlary hödürleýär
  14.11.2022
1408
«Türkmen Gala» kompaniýasy 10 ýyl bäri ýokary derejeli nebit-gaz hyzmatlary hödürleýär

«Türkmen Gala» HJ eýýäm 10 ýyldan gowrak nebit-gaz, gurluşyk desgalarynyň ýerüsti we suwasty innowasion tehnologiýalaryň üsti bilen anyklaýyş-abatlaýyş işlerini geçirýär.

Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, nebit-gaz kärhanalarynda ýüze çykýan köp wagty we maliýäni talap edýän tehniki anyklaýyş işleri möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Innowasion tehnologiýalaryň netijeli ulanyljak ugurlarynyň biri hem nebit-gaz pudagy bolup çykyş edýär. Bilşimiz ýaly senagatymyzda wagtal-wagtal tehniki anyklaýyş işleri geçirilýär. Bu işler bolsa kärhanalaryň önümçiliginiň wagtlaýyn togtadylmagyna sebäp bolýar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ulanylýan tehniki anyklaýyş usullaryna UT (ultrases bilen barlag), MT (magnit meýdan bilen barlag) , RT(gamma we rentgen şöhle barlagy), LT (ýörite suwuklyk bilen barlag) we ş.m. birnäçe görnüşleri görkezmek bolar. Belläp geçen usullarymyzyň kömegi bilen biz nebit-gaz kärhanalarymyzdaky beýiklikdäki, suwastyndaky we ýerüstindäki turbalary, tankerleri, turbageçirijileri we başgada demir örtükli desgalarymyzyň zeper ýeten ýerlerini tapmak bolar.

HATS (gybrid akustiki tehnologiýalar ulgamy), MMM (metal magnitly ýat), LINE EXPLORER (setir anyklaýjy), 3X inženeriýa ýaly tehnologiýalaryny nebit-gaz desgalarynyň tehniki anyklaýyş we abatlaýyş işlerinde ornaşdyrmagyň netijelidigini bellemek gerek. Şol sebäpli innowasion tehnologiýalarynyň her biriniň aýratynlyklary we artykmaçlyklary anyklaýyş we abatlaýyş işlerinde ýüze çykýan meseleleri gysga wagtyň içinde hem-de az maliýe çykdajylar bilen amal aşyrylýar.

Tehniki anyklaýyş we abatlaýyş işleri geçirilende önümçilik belli bir wagtyň dowamynda togtadylmaly bolýar. Bu bolsa pudagyň ykdysady netijeliligini peselmegine getirýär. Innowasion tehnologiýalarynyň iň ähmiýetli aýratynlyklarynyň biri hem önümçiligi togtatman desgalaryň zeper ýeten ýerlerini dessin anyklamana we tiz abatlamaga ýardam berýändigini bellemek gerek.