logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmen alymlary täze tehnologiýalary işläp düzýärler
  07.07.2025
836
Türkmen alymlary täze tehnologiýalary işläp düzýärler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkynyň alymlary topinambur ösümliginden biologik taýdan peýdaly maddalary, şol sanda inulin, resweratrol we glýukoza-fruktoza düzümindäki şire görnüşli önümleri almak boýunça täze tehnologiýalar işläp düzýärler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Ýerli alymlar tarapyndan işlenip düzülen bu tehnologiýa Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan awtorlyk hukugy bilen resmi taýdan bellige alyndy.

 

Topinamburyň esasy düzüm bölegi bolan inulin güýçli prebiotik hökmünde tanalýar. Ol içege mikroflorasyny gowulaşdyrmaga, immun ulgamyny güýçlendirmäge we metabolizmi kadalaşdyrmaga oňyn täsir edýär. Şeýle hem, inulin fruktoza-glýukoza şiresini öndürmekde esasy çig mal bolup, esasan-da süýji keselli adamlar üçin tebigy şeker hökmünde peýdalanylýar.

 

Alnan şireler gury hem-de suwuk görnüşde bolup, giň mümkinçiliklere eýedir. Olar azyk senagaty, farmasewtika hem-de agrosenagat pudaklarynda ulanylyp bilner. Bu önümler konditer harytlarynyň, çörek önümleriniň, konserwirlenen iýmitleriň, içgileriň, haýwanlar üçin iýmitleriň düzüminde ýa-da aýratyn önüm hökmünde ulanylyp bilýär.

 

Humaý HALLYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.