Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Türkmen alabaýynyň waspy täze eserde
  14.11.2019
1381
Türkmen alabaýynyň waspy täze eserde

    Milli medeni we maddy gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaýlarynyň gelip çykyşy taryhyny, häsiýetlerini, aýratynlyklaryny açýan bu kitap bäş bölümden ybarat bolup, ol «Dünýä abadanlyk nuruny saçsyn!», «Ilkinji hem ynamdar syrdaş!», «Çagalyk dosty-wepaly dost», «Wepalylygyň hem-de batyrlygyň keşbi», «Türkmen tohum iti alabaý hakynda dürli döwürlerde ýandepderçäme ýazyp alan belliklerim» diýen atlar bilen дüрли бöлüмлере бöлüнйäр. Täze kitap taryhyň jümmüşinden başlanan uzyn ýoly yzarlap, türkmen alabaýlarynyň köp gyraňly taraplaryny giňden açyp görkezýär. Onda adamzadyň ýabany jandarlary eldekleşdirmek meselesine juda irki döwürlerde ähmiýeti berlendigi nygtalýar. Taryhyň habar bermegine görä, itler hem şol eldekleşdirilen jandarlaryň ilkinjileriniň biri hasaplanýar. Bu barada kitapda: «Geçirilen ylmy seljermeler äpet türkmen alabaýynyň tutyş Aziýa sebitinde-Hytaýyň serhetlerinden Müsüre çenli aralykda ýaýran itleriň nesilbaşysydygyny, miladydan öňki taryhy döwürde-de Gündogarda arzylanyp-sarpalanyp saklanandygyny taсsyklaýar» diýip, anyk mysallara ýüzlenmek arkaly bellenip geçilýär. Gadymy döwürlerde türkmen alabaýlary öý-ojaklaryň goragçysy hasaplanypdyr we olaryň agras, wepaly, edermen, gaýduwsyz, batyr häsiýetlerine daýanylypdyr. Şonuň üçin onuň wepasyna, dostlugyna halkymyz bil baglapdyr. Şeýle gadymdan gözbaşyny alyp gaýdýan alabaý itlerimiz baradaky maglumatlar hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu täze kitabynda öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz täze eserinde: «Alabaýlaryň aňyrysy tibet dogundan gaýdýar diýýänler-de bar. Hytaý imperatoryna sowgat berlen tibet dogy hakyndaky maglumat biziň biziň eýýamyzdan öňki 1121-nji ýyla degişli. Ýöne dört müň ýyl mundan ozal jaýlanan alabaýyň сüňклериниň Altyndepeden tapylmagy bu çaklamanyň köküne palta urýan bolsa gerek. 2003-nji ýylda ýüze çykarylan bu tapyndy dogyň ähli aýratynlyklarynyň türkmen alabaýynda saklanandygyny hem tassyk etdi. “Oл itler gaplaň bilen söweşe girýän batyrgaý itleriň tohumundandyr” diýen taryhy maglumaty getirmegi hem alabaýlar hakyndaky maglumatlar diňe bir türkmen taryhynda orun alman, eýsem, dünýä taryhynda-da orun alandygyny subut edýär. Taryhy maglumatlardyr tapyndylara, gyzykly suratlara we rowaýatlara kitapda giňden orun berilmek bilen, halkymyzda alabaýyň dünýä nusgalyk, kämil keşbini getirmekde özboluşly ýol-ýörelgesiniň bolandygy, tohum itleriň aýratyn terbiýelenendigi hakynda aýdylanlar okujyda uly gyzyklanma döredýär. Eýesine wepalylygy, diýseň duýgurlygy, ynamdar goragçylygy bilen her bir türkmen ojagynda, çopan goşunda mynasyp orun tapan alabaýlaryň gerek bolan halatlarynda eýesiniň kyn pursatlarynda olara halasgär bolandygy, saý-sebäp bilen ýeke galdyrylan goşy ençeme günläp del adamdyr haýwanlary töwereginde ýakynlaşdyrman gorandygy hakyndaky maglumatlar hem bar. It bilen baglanyşykly ençeme nakyllardyr rowaýatlaryň, «It geldi-gut geldi», «It janly» ýaly täsirli jümleleriň häli-şindi durmuşumuzda gaýtalanmagy ite merdana halkymyz tarapyndan aýratyn orun berlendiginden habar berýär. Halkymyzyň ahalteke bedewleri ýaly hakyky arassa tohum itleriň kämil nusgasyny dünýä bermekde özboluşly tejribä eýedigi hem aýratyn nygtalmak bilen, bu itleriň niýetlenişi boýunça möjekçi, goýunçy, sakçy ýaly toparlara bölünendigi aýdylýar. Ýeri gelende bellesek, alabaý köpekleri hakyndaky maglumatlar diňe bir taryhy eserlerde saklanyp galman, eýsem, milli edebiýatymyzda, «Gorkut ata» eposyndadyr, ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiliginde hem mynasyp orun alandyr.

    Öňki döwürlerde türkmen alabaýy öý-ojak goragçysy hasaplanan bolsa, häzir dost-doganlyk serhedimiziň asudalygynyň sak goragçysy bolup хем çykyş edýär. Bu günki gün serhetçiler dost-doganlyk araçäklerimizde wepаly türkmen alabaýlary bilen birlikde mukaddes gulluklaryny üstünlikli berjaý edýärler. Duýdurlygy, gaýratlylygy, hüşgärligi bilen mukaddes serhedimizi goraýjylaryň ýaны bilen mukaddes serhedimizi goraýjylaryň ýakyn kömekçilerine öwrülen alabaýlarymyzyň gullugymyzda tutýan orny, ähmiýeti taýdan çuňňur mazmuna eýelik edýär. Hut şu ýylyň maý aýynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň serhetçilere ýedi sany alabaý güjüklerini sowgat bermegi-de mukaddes araçäklerimizde wepaly alabaýlarymyzyň üstünlikli gulluk edip biljeklerine bildirilen beýik ynamdan nyşandyr. Adatça 7-lik sany gowulykdan, rowaçlykdan nyşan hasaplan halkymyzyň gadymy ýörelgelerine eýerilýär. Bu günki gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň ýeňüsti belgilerine alabaýyň keşbiniň ýerleşdirilmegi, ynsanlar bilen wepaly alabaýyň arasyndaky dostana gatnaşyklaryň, şeýle-de türkmen esgeri bilen gaýduwsyz alabaý itiniň batyrlyk, mertlik babatyndaky sazlaşygyny emele getirýär. Hawa, taryhyň dowamynda türkmen alabaýynyň ady gaýduwsyzlygyň, goragyň nusgasyna öwrülen bolsa, häzirke döwürde dostlugyň, wepalylygyň şuglasyna öwrüldi. 2017-nji ýylda paýtagytymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça  V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde türkmen alabaýynyň saýlanyp alynmagy, oňa «Wepaly» diýip at goýulmagy hem aýratyn mana eýedir. Türkmen halkyna ajaýyp eserleri peşgeş berýän hormatly Belent serkerdebaşymyzyň galamynyň ýiti, ylhamynyň joşgunly bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!