logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Mugallymlar emeli aň boýunça halkara maslahata gatnaşdy
  03.12.2025
469
Mugallymlar emeli aň boýunça halkara maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary ÝUNESKO-nyň goldawy astynda ýokary bilimde innowasiýalary ösdürmäge gönükdirilen halkara merkezi (UNESCO-ICHEI) tarapyndan sanly görnüşde guralan «Pedagoglaryň mümkinçiliklerini giňeltmek: döredijilikli emeli aňyň okatmakda we öwrenmekde ornaşdyrylmagy» atly maslahata gatnaşdylar. Bu barada TDH habar edýär.

 

Maslahaty Hindistanyň Haragpurd şäherindäki Hindi tehnologiki institutynyň öňdebaryjy tehnologiýalar we işläp taýýarlamalar merkeziniň dosenti, pedagogiki taýýarlyk we başarnyklar merkeziniň başlygynyň orunbasary Kauşal Kumar Bhagat alyp baryjy bolup çykyş etdi.

 

Hünärmeniň çykyşynda emeli aňyň okuw-usulyýet işinde peýdalanylmagy boýunça täze düşünjeler, tejribeler we halkara tejribeler giňişleýin beýan edildi. Aýratynlykda, döredijilikli emeli aňy okuw prosesine goşmagyň netijeli usullary, sapaklary meýilleşdirmegiň täze çemeleşmeleri, bilimi bahalandyrmagyň häzirki zaman modelleri, şahsylaşdyrylan öwreniş we döredijilikli mazmun döretmek ýaly meseleler aýratyn mysallar bilen düşündirildi.

 

Geçirilen maslahat türkmen mugallymlarynda uly gyzyklanma döretdi. Olar tematik çykyşlara, sorag-jogap çärelere işjeň gatnaşyp, sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň bilimde ornaşdyrylmagy, şeýle hem ony ylym-bilim ulgamynda we önümçilikde ulanmagyň mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat aldylar.

 

Hoşgeldi KADYROW,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Bejeriş bedenterbiýesi, saglygy dikeldiş we
sport lukmançylygynyň l.y.k, uly mugallym.