logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Society /Bitaraplyk parahatçylyga we ynanyşmaga çagyrýan ýoldur
  04.12.2025
429
Bitaraplyk parahatçylyga we ynanyşmaga çagyrýan ýoldur

Türkmenistan dünýäniň syýasy kartasynda parahatçylyk söýüjiligi, ynanyşmagy hem-de açyk syýasaty bilen tanalýar. Bu üstünlikleriň merkezinde bolsa ýurdumyzyň halkara derejesinde giňden ykrar edilen Bitaraplyk syýasaty durýar. Parahatçylyk we özara düşünişmek ýörelgesine daýanýan bu syýasat diňe bir ýurduň halkara abraýyny pugtalandyrman, eýsem dünýäniň dürli ýurtlaryna-da ynsanperwerlik göreldesini görkezýär.


Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara forum hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň many-mazmuny bilen doly utgaşýar. Şeýle hem bu çäre «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» bilen gabat gelip, ýurdumyzyň dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşýan wekiller bilen umumy ýörelgeleri taýýarlamakda möhüm meýdança hökmünde çykyş etjekdigini görkezýär.


Soňky ýyllarda ýurdumyz energiýa howpsuzlygy, ekologik meseleler, durnukly ulag ulgamy ýaly möhüm ugurlarda halkara tagallalaryna işjeň goşuldy. Bu başlangyçlaryň ählisi Bitaraplygyň diňe bir söz däl-de, dünýäni durnukly ösüşe alyp barýan anyk işleriň jemlenmesi bolup durýandygyny görkezýär.


Şonuň üçin-de 12-nji dekabrdaky halkara forum diňe bir baýramçylyk çäresi däl — ol türkmen Bitaraplygynyň dünýäde barha giňden kabul edilýändiginiň, onuň parahatçylykly göreldesiniň dünýä ýurtlaryny birleşdirýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolar. Bu forumda dünýä ýurtlarynyň wekilleri Türkmenistanyň öňe sürýän ynanyşmak we parahatçylyk ýörelgeleriniň ähmiýetini ýene bir gezek şaýady bolarlar.

Mähri Öwezowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.