logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /TDEI-de wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  28.11.2025
455
TDEI-de wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Kitap adamzadyň ruhy hemrasy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly kitabynyň «Magtymgula düşünmegiň açary», «Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary», «Pähim-paýhas ummany», «Parahatçylygyň şahyry», «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry», «Halk ýadyndan aýrylma», «Halkyň hem hakykatyň ýolunda» atly bölümleri boýunça birnäçe gyzykly çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem kitabyň Magtymguly Pyragyň 300 ýyllygyna bagyşlanan resmi resminamalar we çykyşlar baradaky bölümi hem giňişleýin beýan edildi.

 

Maslahatyň dowamynda talyp ýaşlara Magtymguly Pyragyň döredijiligini çuňňur öwrenmek üçin döredilen şertler, şahyryň dünýä derejesindäki ähmiýeti we çeper mirasynyň çäksiz bahasy barada aýratyn nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Aýgül TARNAWOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.