logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /TOHU–da «Açyk gapylar» güni geçirilýär
  09.03.2025
2103
TOHU–da «Açyk gapylar» güni geçirilýär

Açyk gapylar günlerinde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlar berler.

 

«Açyk gapylar» günleri şu ýylyň 15-nji martynda, 12-nji aprelinde we 10-njy maýynda aşakda görkezilen salgylarda sagat 9:00-da başlanýar:

 

Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, Ahal we Balkan welaýatlarynyň ýaşlary üçin: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde. Salgysy: Aşgabat şäheri, 2009 (Görogly) köçesiniň 143-nji jaýy. Telefonlary: 34-07-77; 34-25-64; 34-27-09.

 

Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin: Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda. Salgysy: Daşoguz şäheri, Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy. Telefonlary: 800322-9-33-92; 800322-9-40-68; 800322-9-27-47.

 

Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin: Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Türkmenabat şäheri, Zelili köçesiniň 1-nji «A» jaýy. Telefonlary: 800422-9-89-56; 800422-9-87-71; 800422-9-88-12.

 

Mary welaýatynyň ýaşlary üçin: Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Baýramaly şäheri, Talyplar köçesiniň 1-nji jaýy. Telefonlary: 800564-6-00-83; 800564-6-07-84; 800564-6-38-19.