logo

Latest news:
✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦ ✦ Şekillendiriş sungaty muzeýinde döredijilikli sergi geçirildi ✦ ✦ HNGU-nyň talyplary emeli aň we startap mümkinçilikleri bilen tanyşdylar ✦
Home / Science and Education /TMDDI - III Halkara internet-olimpiadasyna gatnaşjaklary hasaba alyp başlady
  21.03.2024
738
TMDDI - III Halkara internet-olimpiadasyna gatnaşjaklary hasaba alyp başlady

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen ýola goýlan III Halkara internet-olimpiadasyna (IIOE – 2024) gatnaşjaklary hasaba alyp başlady.

 

Olimpiada gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň dil we başga ugurlar boýunça okaýan ähli ýyl talyplary çagyrylýar. Gatnaşjaklaryň sany çäklendirilmeýär.

 

Olimpiada 10-11-nji aprelinde institutyň sanly bilim portaly arkaly synag görnüşinde geçiriler. Synagda okamak, diňlemek we iňlis diliniň grammatikasy bilen baglanyşykly 10 ýumuş bolar. Synag tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin 90 minut wagt berilýär.

 

Olimpiada gatnaşmak isleýänler D.Azady adyndaky TMDDI-niň saýtynyň Internet olimpiadasy bölüminde 31-nji marta çenli sowalnama dolduryp, hasaba alynmalydyr. Ýokary okuw mekdebiň saýtynda gatnaşjaklar üçin goşmaça maglumatlar hem bar. Guramaçylar bilen patrioticyouthtniwl@gmail.com elektron salgysy arkaly aragatnaşyk saklap bilersiňiz.

 

Olimpiadanyň netijeleri 18-nji aprelde institutyň saýtynda yglan ediler. Olimpiadanyň ýeňijileri guramaçy okuw mekdebiniň adyndan diplomlar bilen sylaglanar.

 

Geçen ýyl olimpiadanyň 36 ýurduň 180 ýokary okuw mekdebinden bir ýarym müňden gowrak talyby bir ýere jemländigini belläliň. Onda 200-den gowrak talyp baýrakly orunlara mynasyp boldy, şolaryň 156-sy türkmenistanly talyplardyr.

 

Olimpiadanyň esasy wezipesiniň arasynda iňlis dili boýunça umumy bilim derejesine baha bermek, talyplaryň nazary we amaly bilimlerini berkitmek, aragatnaşyk, ýazuw, gepleşik dili, diňlemek we okamak endiklerini ösdürmek hem-de kämilleşdirmek, şeýle hem talyplaryň iňlis dilini öwrenmäge höwesini artdyrmak we sanly tehnologiýalar arkaly ýokary okuw mekdepleriň arasynda daşary ýurt dillerini wagyz etmekde halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek ýaly wezipeler bar.

 

Olimpiada daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek we Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek ýörelgesini durmuşa geçirmek meýilnamasynyň çäginde geçirilýär.

 

Ogulşirin HUDAÝBERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.