logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /TMDDI - «Açyk gapylar» gününe çagyrýar!
  02.05.2023
1836
TMDDI - «Açyk gapylar» gününe çagyrýar!

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 2023 — 2024-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň  3-nji we 10-njy maýynda sagat 14:00-da institutyň baş binasynda  ýerleşýän mejlisler zalynda geçirilýän «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

Şol günlerde ýaşlar institutda okuwlaryň guralyşy, terjime işleriniň alnyp barlyşy, ýokary okuw mekdebinde öwredilýän hünär dilleri, geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreler bilen tanşyp, okamak isleýän ýaşlara bildirilýän talaplar, talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri, olaryň hukuklary we borçlary barada maglumat alyp bilerler. 

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy. 
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 36-84-08; 36-87-41.