Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Dermanlyk ösümliklerine bagyşlanyp halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eserlerinden ugur alnyp “Dermanlyk ösümlikleri: bioekologiýasy, biotehnologiýasy, bioykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Oňa ýurdumyzyň belli alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly dünýäniň 13 ýurdunyň ylmy düzümleriniň 100-den gowrak wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Ýaponiýa, Russiýa, Awstriýa, Wengriýa, Nigeriýa, Gazagystan, Hytaý, Singapur, Hindistan, Efiopiýa we beýlekiler bar.
Halkara ylmy-amaly maslahatynyň gün tertibine ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, dermanlyk ösümlikler boýunça täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak, keselleri bejermekde we öňüni almakda fitoterapiýanyň ähmiýeti ýaly meseleler girizildi.
Halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde uniwersitetiň eýwanynda täzeçil taslamalara we dermanlyk ösümlüklerden işlenip taýýarlanan önümlere bagyşlanyp sergi guraldy. Sergide Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eserleri giňden ýaýbaňlandyryldy.
Şeýle hem ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary esasynda döredilen “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkeziniň ylmy-önümçilik bölümleriniň hem-de uniwersitetiň Umumy we amaly biologiýa institutynyň täze işläp taýýarlamalary görkezildi.
Uniwersitetiň gerbariý gaznasynda eýýäm 100 ýyldan hem köp wagt bäri saklanyp gelýän ösümlikler gory sergä gatnaşyjylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Şol bir wagtyň özünde sergi sanly ulgam arkaly maslahata gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlaryň ählisine göni ýaýlymda görkezildi.
Halkara ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler dermanlyk ösümlikleriň bioekologiýasy, biotehnologiýanyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly dermanlyk häsiýetli önümleri öndürmek hem-de olary gorap saklamak, dermanlyk ösümlikleriň bioykdysady ähmiýetini öwrenmek ýaly möhüm meselelere degip geçdiler we öz geçiren ylmy-barlag işleri barada maglumat berdiler.
Uniwersitetiň professor-mugallymlary öz çykyşlarynda häzirki wagtda Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen dermanlyk ösümliklerden nanobölejikleri almak boýunça alnyp barylýan ylmy işler dogrusynda belläp geçdiler, şeýle hem dermanlyk ösümlikleri toplumlaýyn öwrenmekde we derman serişdelerini öndürmekde nanotehnologiýanyň tutýan orny baradaky çykyşlara aýratyn ýer berdiler.
Esasy mejlis tamamlanandan soňra maslahatyň işi Dermanlyk ösümlikleriň bioekologiýasy, Dermanlyk ösümlikleriň biotehnologiýasy, Dermanlyk ösümlikleriň bioykdysadyýeti atly 3 sany bölümde dowam etdi.