logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Tejendäki pagta egirme fabriginde geçen 8 aýda 34 million 424 müň manada golaý önüm öndürildi
  17.09.2022
864
Tejendäki pagta egirme fabriginde geçen 8 aýda 34 million 424 müň manada golaý önüm öndürildi

Süleýman Demirel adyndaky Tejen pagta egirme fabriginiň işçi-hünärmenleri ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň ösüşine saldamly goşant goşýarlar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen 8 aýynda fabrikde 34 million 424 müň manada golaý önüm öndürildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgininiň 116,8 göterim üpjün edilendigini aňladýar.



Fabrikde ýokary hilli pagtanyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde taýýarlanýan dürli belgili ýüplükler ekologik taýdan arassa nah matalary öndürmäge mümkinçilik berýär.