logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Science and Education /Tejen etrabynyň orta mekdeplerinde awgust maslahatlary geçirilýär
  21.08.2023
764
Tejen etrabynyň orta mekdeplerinde awgust maslahatlary geçirilýär

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda hem 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda bilim işgärleriniň tejribesini artdyrmak maksady bilen “Arkadag Serdarly  bagtyýar ýaşlar” ýylynyň Awgust aýynyň 14-19-y aralygynda Tejen etrabynyň 42-nji orta mekdebinde “Arkadag Serdarly  bagtyýar ýaşlar” atly şygar astynda 6 günlik Awgust usuly-amaly okuw maslahaty geçirildi. Maslahata etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň müdirleri hem-de öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdylar.

 


“Arkadag Serdarly  bagtyýar ýaşlar” ýylynyň Awgust aýynyň 21-ne bolsa usuly-amaly okuw maslahatynyň jemi jemlenip, etrabyň 30-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda  tapawutlanyp zähmet çekýän öňdebaryjy bilim işgärlerine Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşi hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

 


      Maslahatyň ahyrynda bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli ynsanlar bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini aýtdylar.
 

Myrat ÇARYÝEW
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler 
arkalaşyklarynyň Tejen etrap 
      Geňeşiniň başlygy