logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /“Team Belgium Global Gateway” atly maslahat geçirildi
  20.03.2025
1593
“Team Belgium Global Gateway” atly maslahat geçirildi

 

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň wekilleri Brýussel şäherinde geçirilen “Team Belgium Global Gateway” atly “tegelek stoly” maslahatyna gatnaşdylar. Türkmenistan ilçihanasynyň geňeşçisi Ýagşymyrat Kakajanow öz çykyşynda ýurduň ykdysady mümkinçilikleri, strategik orny we amatly maýa goýum gurşawy barada giňişleýin maglumat berdi.

 

Türkmen diplomaty, ýurdumyzyň söwda, logistika we senagat ugurlarynda Belgiýa hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şeýle hem, çykyşynyň esasy temasy Türkmenistan ulag düzümleri boldy. Kakajanowyň bellemegine görä, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Ýewraziýanyň söwda gatnaşyklary üçin möhüm merkez bolup durýar. Uzynlygy 5 müň kilometre ýetýän demir ýol ulgamy, döwrebap terminallar we sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Belgiýanyň kompaniýalary üçin amatly şertleri döredýär.

 

Energetika pudagynda Ýewropanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde, şeýle hem Gündogar – Günbata gaz geçirijisiniň ähmiýetini artdyrjak Hazarüsti gaz geçirijisiniň geljegi aýratyn üns aldy.

 

Türkmenistanyň ilçihanasynyň wekilleri senagat we gurluşyk pudaklarynda maýa goýum mümkinçiliklerini hem-de häzirki zaman senagat toplumlaryny ösdürmek baradaky maksatlary Belgiýanyň kompaniýalarynyň wekillerine tanyşdyrdylar. Şeýle hem, ýurduň dag magdan pudagyna ekologiýa taýdan durnukly tehnologiýalary ornaşdyrmak baradaky başlangyçlar belgiýaly kompaniýalaryň ünsüni çekdi.

 

Zeýnep BAÝRAMSÄHEDOWA,

Berdimuhamet Annaýew adyndaky
Arkadag şäher mugallymçylyk orta
hünär okuw mekdebiniň talyby.