Täze Galkynyşyň ýalkymyndan rowaçlanýan döwrümizde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy bu gün oňyn miwelerini berýär. Eziz ata Watanymyzda sanly bilimiň ösdürilmegine we bu babatda ýaş hünärmenleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça uly özgertmeler amala aşyrylýar. Çünki her bir döwletiň ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi onuň durmuş-ykdysady ösüşiniň baş şerti bolup çykyş edýär. Ylmyň jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda möhüm orny eýeleýändigi üçin ýurdumyzda ýokary hünärli işgärleriň, ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynyň häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi sanly ulgamyň durmuşa ornaşdyrylmagynda öňe ilerlemäge mümkinçilik berýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzda hem ylymly ýaşlar innowasion tejribeleriň esasynda täze taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Häzirki döwrüň möhüm talaby bolan innowasiýalar ýurdumyzda «akylly» şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde, beýik zamanamyzyň ajaýyp taslamasy bolan Arkadag şäheriniň ýokary depginli gurluşygynda netijeli peýdalanylýar. Şeýle giň gerimli taslamalarda ýaşlaryň täzeçil garaýyşlarynyň, pikirleriniň hem goşandynyň bolmagy ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatynyň barha artýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Häzirki wagtda täze tehnologiýalar, kämil hem akylly serişdeler ýurt ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaklygyň zerurlygyny yzygider nygtamak bilen, ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanylýan geljekki hünärmenleriň kompýuter sowatlylygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berýär. Ylymda, bilimde, senagatda, oba hojalykda, saglygy goraýyşda, sportda, umuman jemgyýetçilik durmuşynyň ähli pudaklarynda täze tehnologiýalar giňden ulanylýar. Olaryň ulanyş geriminiň gitdigiçe artmagy maglumatlar tilsimatynyň giň mümkinçiliklerinden sowatly peýdalanyp bilmeklik meselesini hem orta atýar. Sebäbi häzirki zaman bilim ulgamynyň uly ösüşine eýermek, onuň dürli talaplaryna laýyklykda maglumatlary çalt depginde işläp taýýarlamak kompýuter serişdeleriniň ulanylmagyny talap edýär. Bagtyýar ýaşlaryň şeýle döwrebap derejede bilim almagy, ylym we döredijilik dünýäsinde täze üstünliklere ýetmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys!
Ýusup SEÝITMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 2-nji ýyl talyby.