logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Täze okuw ýylynda birinji synpa barýan okuwçylara noutbuk görnüşli kompýuterler sowgat beriler
  25.03.2024
1004
Täze okuw ýylynda birinji synpa barýan okuwçylara noutbuk görnüşli kompýuterler sowgat beriler

Eziz Diýarymyzda 2024-2025-nji okuw ýylynyň 155 müňden gowrak birinji synp okuwçylaryna noutbuk görnüşli kompýuterleri sowgat beriler. Bu barada 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellenilip geçildi.

 

 

Bellenilşi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda birinji synpa kabul edilmegine garaşylýan 155 müň 641 okuwçyny kompýuterler bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.

 

 

Häzirki wagtda sowgat beriljek «Bilimli» nyşanly kompýuterleriň nusgalary taýýarlanylyp, degişli ministrlikler tarapyndan bu kompýuterleriň tehniki häsiýetnamalary seljerildi, şeýle hem olaryň hil standartlary baradaky kepilnamalar alyndy.

 

 

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bilim syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleriň döredilýändigini belledi.

 

Tyllagözel ATAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky 
mugallymçylyk mekdebiniň 
talyby.