logo

Latest news:
✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦ ✦ Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi ✦ ✦ TDYDI-de Startup bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Telekeçilik — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦
Home / Economics /Täze - “Mäne” önümleri
  30.07.2022
943
Täze - “Mäne” önümleri

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdymyz zähmet üstünliklerine, ykdysady ösüşlere beslenýär. Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky dokma toplumy hem Dokma pudagynda Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagynda öziniň saldamly goşandyny goşýan iri desgalaryň biridir.
      Babadaýhan dokma toplumy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 04-nji maýyndaky karary esesasynda, “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly şygar astynda geçen 2021-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berildi we 1 müň 150 sany täze iş orny döredildi.
Bu toplumyň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümler öndürilip, Türkmenistanyň içerki we daşarky bazarlaryny üpjün etmek bilen bir hatarda pudagyň eksport mümkinçiligini hem has-da artdyrýar.
     Babadaýhan etrabyndaky dokma toplumy 4 sany fabrikden ybarat bolup, onuň içinde ýüplük, dokma, boýag we tikin fabrikleri hereket edýär. Toplumyň ýüplük fabriginde Şweýsariýanyň “Rieter”, Ýaponiýanyň “Muratec”, Dokma fabriginde Belgiýanyň “Picanol” Türkiýäniň “PRO-SMN”,  Boýag fabriginde Türkiýäniň “Dilmenler”, “Demsan”, Germaniýanyň “Monforts”, Tikin fabriginde Germaniýanyň “Texpa”, Ýaponiýanyň “Juki” ýaly dünýä belli iri kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrylan we bu döwrebap enjamlara toplumda zähmet çekýän ýaş hünarmenler erjellik bilen erk edýärler.
       Häzirki wagtda Babadaýhan dokma toplumynda alyjylar köpçüliginiň gündelik durmuşynda ulanylýan, ýokary hilli, berkligi we owadanlygy bilen tapawutlanýan “Mäne” haryt nyşanly dürli ölçegdäki, dürli görnüşli, bir adamlyk, iki adamlyk düşek toplumlary we başga-da birnäçe ilatyň islegli önümleri öndürilýär. Dünýäniň iň soňky innowasion enjamlary bilen üpjün edilen, ähli amatlyklary bolan bu döwrebap dokma toplumynda Babadaýhan etrabynyň zähmetsöýer ýaşlary yhlasly zähmet çekýärler. 
       Biz ýaşlara şular ýaly döwrebap fabriklerde işlemäge döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp-köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli amala aşyrýan başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!