Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Täze eýýamda barha rowaçlanýan pudak
  31.10.2022
382
Täze eýýamda barha rowaçlanýan pudak

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatyna laýyklykda, döwrebap obasenagat düzümlerini döretmäge uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Ilaty et-süýt, ýumurtga we beýleki maldarçylyk önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek, pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlary yzygiderli işe girizilýär hem-de olaryň ot-iým bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin ekerançylyk ýerleri bölünip berilýär.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, dünýäniň belli kompaniýalaryndan dürli görnüşli oba hojalyk tehnikalary hem-de gurallary yzygiderli satyn alynýar, munuň özi işleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegine uly ýardam edýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy üçin «John Deere» hem-de «CLAAS» kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli, döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň, däne hem-de pagta ýygýan kombaýnlarynyň uly tapgyrlary yzygider satyn alynýar. Ýokary öndürijilikli, dünýä ölçeglerine gabat gelýän oba hojalyk tehnikalarynyň, enjamlarynyň sanynyň artmagy, alnyp barylýan işleriň hiliniň gowulandyrylmagy ekin meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, bol hasyl almak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle-de oba ýaşaýjylarynyň maddy-abadançylygy, durmuş derejesi ýylsaýyn ýokarlanýar. Durmuş derejesi babatynda türkmen obalarynda döredilýän şertler şäher şertlerine barha golaýlaşýar. Bularyň ählisi Hormatly Prezidentimiziň durmuş maksatly döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Döwletimiz ýurdumyzda suw gorlaryny döretmek, ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, suwaryş ulgamlarynyň geçirijilik kuwwatyny artdyrmak, döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak üçin iri maýa goýumlary goýulýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň suwarymly ýerlerinden gelýän zeý suwlaryny ýygnamak üçin niýetlenilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasy aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi ýurdumyzda daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň aýdyň nusgasyny görkezýär. Ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakdan başga-da, ýurdumyzda suwuň ätiýaçlyk gorlary döredilip, olar tarp ýerleri özleşdirmek, öri meýdanlaryny giňeltmek, agaç nahallaryny suwarmak we beýleki maksatlar üçin peýdalanylýar.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň okgunly ösüşi, içerki bazarlarda azyk bolçulygynyň üpjün edilişi, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ýola goýlup, hususy pudagyň kuwwaty günsaýyn artýar. Bularyň ählisi Arkadagly Serdarymyzyň Garaşsyz türkmen döwletiniň täze galkynyşly döwrüniň badyna bat goşýan giň gerimli özgertmeleriň oňyn netijeleridir. 

 

Dörtbaý GARAHANOW,

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
direktorynyň orunbasary.