logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Şygryýet /«Sygmadym, eje!» - Gunça AMANSÄHEDOWA
  23.12.2022
1387
«Sygmadym, eje!» - Gunça AMANSÄHEDOWA

Şükür bilen toba kylsamam dilde,
Şor suwa eýlendi nygmatym, eje!
Ýer ýok maňa Arşyň-kürsüň deňinde,
Sensiz giň äleme sygmadym, eje!

Bu giden barlykdan özüm gözledim,
Illerden çekindim, derdim gizledim,
Jeren balasy deý yzyň yzladym,
Ne telbe, ne-de bir sagmydym, eje!

Ýagşyzadalar deý Haky söýerdiň,
Çekerden has agdyk bolsa-da derdiň,
«Rakypdan gözýaşyň gizle» diýerdiň,
Şudy iň soňkuja sargydyň, eje!

Ykbalyň hilesi-aly azmy nä?!
Çäresizlik derdi namys-army nä?!
Güýz seni garratdy, munda bar günäm,
Ýazda ýagmyr bolup ýagmadym, eje!

Gaý-tupana bermän bala-çagaňy,
Eşidenler ýokdur zeýrenç, nalaňy,
Bolduň ulus-iliň, Hakyň halany,
Gören görgülerňi ýygnadyň, eje!

Aslynda, ýalkanar ýagşylyk eden,
Gybatdan, töhmetden ederdiň heder,
Aňzakda, jöwzada taplanan beden,
Baharda ak güller ýygmadyň, eje!

Arşa ýetsin eden doga-dilegleň,
Ýogsa, synagy kän çarhy-pelegiň,
Men bir sada gyzyň, asman melegiň,
Şor bolmasyn alna ýazgydym, eje!