logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /«Soňky jaň» mynasybetli dabaralar geçirildi
  26.05.2025
912
«Soňky jaň» mynasybetli dabaralar geçirildi

2024–2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli, Türkmenistanyň ähli orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasy ýokary ruhubelentlikde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Bu möhüm gün ýaş uçurymlar üçin täze durmuşa gadam basmagyň, mekdep ýyllary bilen hoşlaşmagyň tolgundyryjy pursatydyr. Bu baýramyň Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelmegi hem onuň şowhunyny artdyrdy. Döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Okuw maksatnamalary täzeçil usullaryň esasynda döwrebaplaşdyrylýar, innowasion sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şeýle hem okuw kitaplarynyň mazmuny baýlaşdyrylýar. Munuň özeninde ýaşlaryň bilim derejesiniň dünýä ölçeglerine laýyk bolmagy, geljekki hünärmenleriň döwrebap we giň gözýetimli bolup ýetişmegi üçin mümkinçilikleriň döredilmegi durýar.

 

Dabara mynasybetli uçurymlar, mugallymlar we bilim işgärleri Garaşsyzlyk binasyna, şeýle-de Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliklerine gül goýdular. Mekdeplerde geçirilen dabaralar Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlanyp, hormatly Prezidentimiziň uçurymlara we bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy bilen dowam etdi. Gutlagda ýaşlaryň geljegimizi gurujy güýç hökmünde ähmiýeti aýratyn bellenildi.

 

Dabaralaryň dowamynda baýramçylyk çykyşlary, gutlaglar, uçurymlaryň hoşallyk sözleri ýaňlandy. Tapawutlanan okuwçylara we mugallymlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Soňky jaňyň kakylmagy bilen uçurymlar özlerinden kiçi ýaşly körpelere bilim ýolunyň nyşanyny tabşyrdylar. Ak kepderileriň asmana uçurylmagy baýramçylyk pursatlarynyň iň täsirli sahnalarynyň biri boldy.

 

Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar we bilim ulgamyna edýän üns-aladasy üçin hoşallyk bildirip, bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ynam bildirdiler. Şeýle hem uçurymlar üçin muzeýlere, seýilgählere gezelençler, agşam bolsa «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde baýramçylyk konserti guraldy.

 

Güljan SERDAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.