logo

Latest news:
✦ Döwletli geňeşe barýarys ✦ ✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Home / Nature /Soňky 50 ýylda dünýädäki batgalyk ýerleriň 35 göterimi ýok edildi!
  02.02.2023
1276
Soňky 50 ýylda dünýädäki batgalyk ýerleriň 35 göterimi ýok edildi!

Şu gün ýagny 2-nji fewral Bütindünýä batgalyk ýerler güni. Her ýylyň 2-nji fewralynda batgalyk ýerler baradaky habardarlygy ýokarlandyrmak üçin Bütindünýä batgalyk ýerler güni bellenilýär.

«Ramsar konwensiýasy» diýlip atlandyrylýan batgalyk ýerleri goramak baradaky konwensiýa 1971-nji ýylyň 2-nji fewralynda Eýranyň Ramsar şäherinde gol çekildi. Konwensiýa batgalyk ýerleri goramak we olardan tygşytly we netijeli peýdalanmagy üpjün etmegi öz içine alýar.

1997-nji ýyldan bäri köpçüligiň ünsüni çekmek üçin bellenilip geçilýän Bütindünýä batgalyk ýerler güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýylyň 30-njy awgustyndaky karary bilen «Bütindünýä batgalyk ýerler güni» hökmünde kabul edildi.

Bu gurultaýa gatnaşýan ýurtlardaky kenarýaka we içerki batgalyk ýerleriň hemmesine «Ramsar sebiti» diýilýär. Bütindünýäde 2400-den gowrak «Ramsar sebiti» bar. Bu sebitiň umumy meýdany 2,5 million inedördül kilometre (Meksika döwletiniň tutýan meýdanyndan hem uly) barabardyr.

Awstraliýadaky Koburg (Cobourg) ýarym adasy 1974-nji ýylda dünýäde ilkinji batgalyk ýer hökmünde bellendi. Şeýle hem Boliwiýa iň uly batgalyk ýurt (148 müň inedördül kilometrden gowrak) hasaplanylýar. Ýurduň Rio Negro sebiti durşuna diýen ýaly batgalyk bolup, onuň tutýan meýdany 120 müň inedördül kilometre çenli ýetýär. Bu sebit dünýäniň iň uly batgalyk ýerleriniň arasynda tapawutlanýar.

Belläp geçsek, dünýäniň iň howp abanýan ekosistemasy bolan batgalyk ýerler tokaýlardan 3 esse çalt ýitip ýok bolýar. 1700-nji ýyllardan bäri dünýädäki batgalyk ýerleriň takmynan 90 göteriminiň ýok edilendigi çaklanylýar. Batgalyk ýerler her ýyl takmynan 1 göterim azalýar. Soňky 50 ýylda (1970-nji ýyldan bäri) dünýädäki batgalyk ýerleriň 35 göterimi ýitip ýok boldy.