logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Economics /Senagatyň dokma pudagy ösüşde
  31.10.2019
1126
Senagatyň dokma pudagy ösüşde

    Milli senagatymyz ýylsaýyn ösýär. Hormatly Prezidentemiziň öňdengörüjilik syýasaty ýurdumyzda dokma toplumlarynyň hataryny artdyrmaga giň mümkinçilik döretdi. Senagatyň dokma pudagynyň ösdürilmegi iş orunlarynyň artmagyna, ykdysadyýetiň ýokarlanmagyna getirýär. Şonuň üçin täze-täze dokma toplumlarynyň gurulmagy bilen bu pudagyň üsti ýetirilýär.

    Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda gurulýan iri dokma toplumynda ýylda senagat üçin gymmatly çig mal bolan inçe süýümli pagtanynyň 5 müň tonnasy gaýtadan işlenip, taýýar önümler öndüriler. Bu toplumyň gurluşygyny Britan Wirgin adalarynyň „Cotam Enterprises LTD“ kompaniýasy üstünlikli alyp barýar. Işine ezber gurluşykçylaryň yhlasy netijesinde hazirki wagtda gurluşygyň 46%-i üstünlikli ýerine ýetirildi. Toplum işe girizilende ol ýylda 3300 tonna kompakt penýe (tüýsiz) görnüşli inçe süýümli ýüplik, 20 million inedördül metr boýalan mata, 3,5 million sany taýýar tikin önümleri çykýar.

     Pagta hasylyny ösdürip ýetişdirmekde ýurdumyzda iri sebitleriň biri hasaplanylýan Babadaýhan etrabynda dokma toplumynyň gurulmagy bu ýerde öndürilýän çig malyň bada-bat gaýtadan işlenilmegine, çykdaýjylaryň azalyp, girdejileriň artmagyna uly ýardam berer. Etrap oba hojalyk etraplygyndan senagat etrabyna öwrüler. Bu bolsa etrabyň ykdysady kuwwatlylygyny ýokarlandyrar.