logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Jebisligiň ykrarnamasy
  30.09.2026
208
Jebisligiň ykrarnamasy

Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda täze sahypany açdy. Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ählihalk forumynda eden çuň manyly çykyşlary uly üns bilen diňlenildi. Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň täze taryhy eýýamda ýeten belent sepgitleri, öňde duran uly wezipeler barada giňişleýin durup geçdi. Şol işler adamlaryň kalbyna elmydama ýagtylyk eçilýär. Öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basan ýurdumyzda ykdysady kuwwaty, ilatyň durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de berkitmek, durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli gowulandyrmak, bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryny dünýä derejesine ýetirmek üçin Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli oňyn gazanylanlary netijeli peýdalanmak babatda giň mümkinçilikler döredi. Häzirki zaman demokratik jemgyýetini kemala getirmek üçin ýurdumyzda ähli amatly şertler döredilen.

 

Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde ähli ugurlary, şol sanda medeniýet ulgamyny hem has-da ösdürmek boýunça täze başlangyçlar beýan edildi. Häzir medeniýetimizi döwrüň talaplaryna laýyklykda, toplumlaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr. Halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy aýawly saklamakda, dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly orun degişlidir. Şoňa görä, biz bu ulgamy ösdürmäge köp möçberde serişdeleri gönükdirýäris» diýen sözleri ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň buýsanjyny has-da artdyrýar.

 

Atamyrat GYLYJOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.