logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Çagalaryň sagdyn ösüşi ugrunda alada
  30.09.2026
132
Çagalaryň sagdyn ösüşi ugrunda alada

Adam özüniň iň gowy zadyny çaga bagyşlaýar. Onuň ösüp, boý alyp, kämil çykyp, Watanyna, il-gününe, topragyna wepaly adam bolup ýetişmeginiň aladasynda gezýär. Hut şeýle irginsiz alada-ünsüň netijesinde ata-babalarymyz nesil terbiýesiniň kämil görnüşini kemala getiripdirler. Munuň şeýledigini «Çaga eziz, edebi ondanam eziz», «Bal süýji, baldan-da bala» diýen sözler hem doly derejede subut edýär.

 

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimize Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan uly üns berilýändiginiň ýene bir gezek aýdyň ýüze çykmasydyr. Geçen gysga wagtyň dowamynda gaznanyň alyp baran işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

 

Onuň hasabyna diňe bir ýurdumyzdaky çagalara bejergi işleri alnyp barylman eýsem, daşary ýurtly çagalarada ýakyndan kömek-goldaw berilýär. Bu bolsa türkmen halkynyň köki çuňluga uzap gidýän sahawatly işleriniň häzirki döwürde-de mynasyp dowam etdirilýändiginiň anyk mysaly bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklardyr senelerde gaznanyň hasabyna Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýji-kökedir, gök-önümleriň, çaga oýnawaçlarynyň ýygy-ýygydan gowşurylmagy olaryň aýratyn alada bilen gurşalandygynyň nyşanydyr.

 

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyryldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda sagdyn, watançy, päk ahlakly, merdana ýaş nesilleri kemala getirmäge gönükdirilen syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe-sagaldyş, dynç alyş toplumlary gurlup, çagalaryň düýpli bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi üçin amatly şertler döredilýär.

 

Ogulbibi BAÝRAMMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.