logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Senagat we gurluşyk pudagy ösýär
  25.03.2023
1644
Senagat we gurluşyk pudagy ösýär

Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine doly möçberli goşulyşmak ugruna eýermek bilen, häzirki wagtda okgunly ösýän döwletleriň sanawynda mynasyp orun eýeledi. Tutuş halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasion ýoly bilen ösdürmek syýasatynyň esasyny düzýär.

Senagat we gurluşyk pudagy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan gurluşyklary zerur bolan önümlerdir beýleki serişdeler bilen üpjün edýär. Şunda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gurlup, bu gün üstünlikli hereket edýän gurluşyk önümçiligi boýunça kärhanalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak esasy wezipe bolup durýar.

Arkadagly Serdarymyz tarapyndan öňde goýlan strategik durmuş-ykdysady wezipeleri çözmek Türkmenistanyň gurluşyk, elektrik energetikasy, himiýa senagaty, gurluşyk önümçiligi we senagat ulgamynyň işiniň möhüm ugrudyr. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň bu ulgamlaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Olara ägirt uly maýa goýumlarynyň goýulmagy, pudaklaryň netijeli işlemegi üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi, kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagy, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy bolsa tutuş halk hojalygynyň okgunly we sazlaşykly ösmegine ýardam edýär.

Goý, ata Watanymyzy ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! 

 

Çynar DURDYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.