logo

Soňky täzelikler:
✦ Durmuşymyzda matematikanyň orny ✦ ✦ Bitaraplyk — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly ✦ ✦ Halkara hukugy — parahatçylygyň röwşen ýoly ✦ ✦ Möhüm ähmiýetli duşuşyklar ✦ ✦ Türkmen halkynyň milli nagyşlary ✦ ✦ «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» ✦ ✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦
Baş sahypa / Şygryýet /«Sen» - Ogulnur ATAÝEWA
  10.12.2022
1400
«Sen» - Ogulnur ATAÝEWA

Dünýäň ähli baýlygyna,
Çalşyp bilmedigimsiň sen.
Gyýylma bitaýlygyma...
Gowşup bilmedigimsiň sen.

Duýgulam ýaşaýar entäk,
Köreýän yşkymy ýelpäp,
Bu ýollarda selpäp-selpäp,
Duşup bilmedigimsiň sen.

Säher durmaz aklygyna,
Ynsan ötmez päkligine,
Henizlerem ýoklugyňa
Alşyp bilmedigimsiň sen.

Ötdi ýaşlygym nalaýa,
Aýt bizi näme baglaýar?
Nika, öý hem bir täleýe,
Duşup bilmedigimsiň sen.