logo

Latest news:
✦ Telekeçilik — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Ýaş telekeçiler ýurduň innowasion geljegi ✦ ✦ «Türk­me­nis­tan — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» işe­wür­lik mas­la­ha­ty geçirildi ✦ ✦ Türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiligi artýar ✦ ✦ Emeli aňda täze döwür: OpenAI AGI ýolunda öňe gitýär ✦ ✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦
Home / Nature /Semzek - derman hem azyklyk ösümlik
  11.02.2023
5262
Semzek - derman hem azyklyk ösümlik

Ynsan ýaşaýşynyň bütin dowamynda ösümlikler, hususan-da, dermanlyk ösümlikler aýratyn orun tutýar. Sahawatly topragymyzyň her bir künjeginde melhemlik häsiýetleri bolan ösümlikler giňden ýaýrandyr. Olaryň biri hem alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň I jildinde düýpli ylmy maglumatlar arkaly beýan edilýän semzekdir.

Semzek süýrgült galyň, ter ýaprakly, ýogyn, etlek baldaklary gyzylymtyl reňkli ösümlik bolup, ýere ýazylyp, dikligine (10 — 50 sm) we ýaýbaň ösýän birýyllyk ösümlikdir.

Bu ösümligiň watany Hindistan hasaplanýar. Onuň dünýäde 600-e golaý görnüşi duşýar. Uly gülli semzekleriň maşgalasynyň 100-e golaý görnüşi tapawutlandyrylýar. Hytaýda semzek «ölmeýän, baky ösümlik» diýlip atlandyrylýar. Meşhur hytaý şahyry Go Možo özüniň adybir goşgusyny oňa bagyşlapdyr. Özbegistanda semzek «gülbiýar» diýlip atlandyrylyp, onuň dürli güllere beslenýän görnüşleri medeni zolaklary bezemek üçin hem ulanylýar. Türkiýede ol «semiz oty» diýlip atlandyrylýar hem-de ir döwürden bäri türk aşhanasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Orta asyrlaryň arap şygryýetinde «mübärek ot» diýlip, onuň artykmaçlyklary taryplanypdyr. Ermenistanda bu ösümlik «dandur» diýlip atlandyrylyp, ermeni aşhanasynda gadymy döwürlerden bäri giňden ulanylýar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda semzegiň aşhanalaryň esasy witaminli önümi bolandygyny hem ýatlamalydyrys.

Halkymyz gadym döwürlerden bäri semzegi iýmit hökmünde peýdalanyp gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda semzegiň öt bilen baglanyşykly ähli sökelliklere dermandygy barada maglumat bar.

Eli süýji türkmen zenanlary bu işdäaçyjy otdan dürli milli tagamlary taýýarlaýarlar. Iýmitlik semzek tohumlamanka ýygylýar. Semzegiň süýrüje ýapraklary baldagyndan ýolnup, arassaja gaba salynýar. Oňa il içinde «semzek saýlamak» diýilýär. Saýlanan semzegi ýuwup, suwuny sarkdyrýarlar. Oňa ösümlik ýagyny goşup, bir desse gök sogany owunjak dograýarlar. Gerekli möçberde duz atyp, mazaly garyşdyrýarlar. Mesgedir saryýag goşulsa, semzekli tagamlar has hem datly bolýar. Semzek otundan börek, manty, gaplama, gutap, işlekli taýýarlanylýar.

 

Daýanç JUMAMYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.